Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda BMG-niň klimat boýunça regional merkezi açylar


Aşgabatda BMG-niň klimat boýunça regional merkezini açmaklyk planlaşdyrylýar diýip, türkmen metbugaty ýazýar.

Maglumata görä, bu mesele Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Gündogar Ýewropa we GDA boýunça Ösüş programmasynyň direktory Ýens Wandel bilen sişenbe güni geçiren duşuşygynda maslahat edilipdir.

Bu duşuşykda klimatyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasyny işläp düzmek, şeýle hem Rio-de-Žaneýroda klimatyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça geçiriljek “Rio+20” atly bütindünýä sammitine Türkmenistanyň hem gatnaşmagy barada maslahat edilipdir.
XS
SM
MD
LG