Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Google” kompaniýasynyň täze syýasaty siziň üçin nämäni aňladýar?


Internet läheňi "Google" kompaniýasynyň hususyýet baradaky täze syýasaty näme, ol haýsy platformalara degişli?

"Google" 1-nji martdan başlap özüniň dürli platformalaryndaky hususy sferany goramak, şahsy maglumatlary kesekilere elýeterli etmezlik baradaky 60 sany aýratyn düzgünleri bir bütewi syýasata öwürdi.

Bu internet ägirdi indi özüniň dürli platformalaryndaky maglumatlary, şol sanda şahsy we internet hem ýörite gözleg saýtyndaky maglumatlary-da bir ýere toplap, ulanyja reklama ýetirmek üçin olardan peýdalanyp bilýär. Mysal üçin, biri "YouTube" saýtyndan bir zady gözlese, bu maglumat oňa “Gmail” elektron poçtasy arkaly reklama ibermek üçin ulanylýar.

Täze düzgüniň öz täsirini ýetirýän platformalary: kompaniýanyň gözleg saýty, “Android Mobile” platformasy, “YouTube”, “Gmail”, “Google Maps”, “Google plus” we “Picasa”. “Google Books”, “Google Wallet” we “Google Chrome” ýaly hyzmatlaryň hususýet boýunça syýasatynda üýtgän zat ýok.

"Google" bu üýtgeşikligi näme üçin girizdi?

Kompaniýanyň aýtmagyna görä, bu täze syýasat ulanyjylary has gowy hyzmatlar bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer.

—Siz “Google” saýtyna gireniňizden biz siziň “Google Plus”, “Gmail” ýa “YouTube” saýtynda görkezen islegiňiziň esasynda size gözleg üçin sorag teklip edip bileris ýa siziň gözlegleriňiziň netijelerini islegiňize laýyk taýýarlap bileris—diýip, kompaniýa “Gmail” ulanýanlara iberen elektron hatynda ýazdy. —Täze syýasat öňki köne syýasatda bar bolan näsazlyklary aradan aýrar. Onsoň ulanyjylara bu kompaniýanyň näme maglumatlary toplap, olardan nähili peýdalanýandygyna düşünmek aňsat düşer.

Täze syýasat baradaky aladalar nämelerden ybarat?

Fransiýanyň internetde şahsy maglumatlaryň goralmagyna gözegçilik edýän topary "CNIL", şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň bilermenleri täze syýasat barada öz aladalaryny beýan etdiler. "CNIL" bu syýasatyň kanuny we adalatlydygyny şübhe astyna alýar. 50 sany sarp edijiler toparyny öz içine alýan "Trans Atlantic Consumer Dialogue" (TACD) guramasynyň hukukçylary hem "Google" kompaniýasyna açyk hat ýazyp, onuň täze syýasatyny "paýhassyz we adalatsyz" diýip atlandyrdylar.

TACD-niň hatynda: "Siz “Google” saýtyny ulanýanlaryň her bir ädimini ýazga geçirýärsiňiz. Bu maglumatlaryň aşa jikme-jikdigine sarp edijiler düşünenoklar" diýilýär. Hatda şeýle hem bu kompaniýanyň ulanyjylaryň razylygyny soraman, olara saýlap tutara başga ýol goýman, 1-nji martdan başlap, hususyýet syýasatyny üýtgedendigi tankytlanýar.


Öz şahsy maglumatlaryňy goramak üçin näme etmeli?

Ulanyjylar bu internet ägirdiniň özleri barada toplan maglumatlarynyň gysgaça mazmunyny öz “Dashboard” sahypalarynda görüp, käbir zatlary üýtgedip bilýärler. Olar şeýle hem öz gözleg senelerini (search history) görüp, ony öçürip bilýärler. Şular ýaly mümkinçilikler "YouTube" platformasynda-da bar.

Aklawjylar “Google Search” ýa “YouTube” saýtyny ulanyp otyrkaň, kompaniýanyň beýleki hyzmatlarynyň hiç birini ulanmazlygy maslahat berýärler.

Ýöne bu kompaniýanyň özüňiz baradaky täze maglumatlary toplamagynyň öňüni almagyň iň gowy ýoly onuň hyzmatlaryndan peýdalanmazlyk.
XS
SM
MD
LG