Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Çopan ýoluny” goýan Nurberdi Gul


Nurberdi Gulow (sagda) şägirdi Rejepmämmet Saparow bilen
Nurberdi Gulow (sagda) şägirdi Rejepmämmet Saparow bilen
Türkmen milli saz sungatynda öz ýoluny goýan, at-owazasy külli türkmene dolan halk bagşysy Nurberdi Gulowyň dünýä inenine 95 ýyl boldy. Maý aýynda bolsa onuň biziň aramyzdan gidenine 20 ýyl dolýar.

Nurberdi Gul 1917-nji ýylyň 1-nji martynda Esenguly etrabynyň Şahman obasynda dünýä inipdi. Ol kämillik ýaşyna çenli mal bakyp gezipdir. 1935-43-nji ýyllar aralygynda kolhozçy bolup işläpdir. 1943-nji ýyldan Krasnowodskiniň portundaky işçiler batalýonyna alynýar. Şol döwürden ol bagşyçylyk senedi bilen gyzyklanyp başlapdyr.

Ony 44-nji ýylda Aşgabat filarmoniýasyna işe çagyrýarlar. Ol ýerde işlemek bilen Mylly Täçmyrat, Pürli Sary, Sahy Jepbar ýaly belli ussatlardan tälim alýar. Soňra Krasnowodskiniň welaýat filarmoniýasyna işe iberilýär. 1947-nji ýylyň 1-nji maýynda Gyzyletrege göçüp barýar. Bu ýerde ol raýon medeniýet bölüminde, dürli kärlerde işleýär. Ömrüniň galan böleginde bolsa sazçylyk mekdebinde mugallymçylyk edýär.

Aýdym-saz sungatynda bitiren hyzmaty üçin, Nurberdi Gula 1967-nji ýylda at gazanan, 1977-nji ýylda hem Türkmenistanyň halk artisti diýen hormatly atlar berildi.

Nurberdi Gul 1992-nji ýylyň 1-nji maýynda 76 ýaşynyň içinde aradan çykdy.

Hiç kimi gaýtalamaýan bu ussadyň döredijilik gerimi örän giň bolup, ol aslynda ähli ýollardan diýen ýaly aýdym aýdypdyr, ýöne her bir aýdymy özüçe aýdypdyr. Şeýdip, giden bir mukamlar dünýäsini döredipdir.

Mundan daşary-da, ol türkmen klassyky edebiýatynyň beýle bir göze ilmeýän iki wekilini halk arasyna gaýtaryp getirdi. Olar gaýduwsyz hem merdana Döwletýar hem aşyk Çaňly bolmaly. Nurberdi bagşydan baý medeni miras hem gowy şägirtler galdy.

please wait

No media source currently available

0:00 0:02:58 0:00
Ýükle

Bagşynyň döredijilik aýratynlyklary barada ýazyjy Hudaýberdi Hally onuň obadaşy hem ýakyn tanyşlaryndan biri, Aşgabatda ýaşaýan žurnalist Aşyrguly Baýryýew bilen söhbetdeş boldy.

Hudaýberdi Hally: Nurberdi Guluň bagşyçylyk aýratynlyklary barada nämeler aýdyp bilersiň?

Aşyrguly Baýryýew: Nurberdi däde öz bagşyçylyk ýoluny sadalyk hem kiçigöwünlilik bilen “Çopan ýoly” diýip atlandyrypdy. Belki-de, onuň aýdym aýdanda çekreýşi, haýkyryşy, jukguldylary çopanlaryň hiňlenişine gabat gelýändir. Elbetde, bu şertli at. Çünki onuň bagşyçylyk sungaty haýsydyr bir hünärdir käriň eýesine-de, şol sanda çopana-da ýöňkärden has tutumly, has giň hem beýik.

Hudaýberdi Hally: Eger biz bagşynyň terjimehalyna seretsek, ol ýaşlykda çopan bolupdyr. Ikinji tarapdan, çopançylyk aslynda pes kärem däl. Musa pygamber çopan bolupdyr, Dawut pygamber çopan, gaty uly adamlaryň ençemesi çopançyklykdan pygamberlige gelipdir. Şolar ýalyrak garaýyşlaryň bolmagy mümkinmi?

Aşyrguly Baýryýew
Aşyrguly Baýryýew
Aşyrguly Baýryýew: Elbetde, şeýle garaýyşlar bolup biler. Bizem oglanlykda 7-8 ýyllap owlak-guzy bakdyk. Şonda sürini agdaryp-dönderip ýörkäň, bir hiňlenmäň bolýar. Bu bagşydan hem aýdym ýolunyň nirä direýändigini soranlarynda: “Meniň aýdym ýolum çopan heňidir, belli bir halypanyň ýoluny tutup aýdym aýtmadym” diýer ekeni. Saz öwreniji Akmuhammet Aşyrow şeýle ýazýar: “Ol hakykatdanam hut şeýledi. Şol sebitlerde çopan heňleri diýilýäni bir zamanlar bolupdyr. Şol çopan heňlerini çogdamlamak welin Nurberdi Guluň paýyna düşüpdir. Ol çopan heňlerini rejeläp, gowy-gowy aýdymlary ýasapdyr”.

Nurberdi dädäniň bagşyçylygynyň özboluşlylygyny halkam ykrar etdi, meşhur sazandadyr bagşylarymyzam ykrar etdi. Dogry, başda heňini halamandyrlarmy ýa başga sebäpdenmi, ony türkmen radiosynda ýazgy etmän, iki-üç gezek yzyna ugradypdyrlar. Soňky gezek baranda, oňa Mylly Täçmyrat sataşypdyr-da, Ata Awly bilen Çary Täçmämmedi çagyryp: “Geliň, şu ýigide siz sazandarlyk ediň. Ony diňläp göreýli” diýipdir. Nurberdi Guly diňläninden soň, meşhur sazanda: “Berekella, Nurberdi jan! Boýnuňy çommaldypjyk, ýylgyrjaklap aýdym aýdyşyň özem degjek her zada. Şu çopan ýolundan aýdýan aýdymlaryňdan ýene-de bar bolsa, çekinmänjik aýdybergin, inim, asla ýüzüň gyzarmaz” diýipdir. Mylly aganyň şu sözünden Nurberdi bagşynyň häsiýeti görünýär. Onuň gepleýşi, ýylgyrjaklap aýdym aýdyşy janlanýar. Ol pahyr örän mylaýym görünýärdi. Beýik sazanda owalda-ahyrda şu ýoluň milli aýdym-saz sungatynda uly ýol boljakdygyna ynam bildirýär.

Halypa bagşy Sahy Jepbar hem bu ýoluň geljegine uly umyt baglan ussatlaryň biri. Ol şeýle diýipdir. “Türkmeniň milli aýdym-saz sungatynda şu güne çenli esasan üç esasy ýol bar: Ahal ýoly, Mary ýoly, Hywa, ýagny Daşoguz ýoly. Ynha, inim, sen Günbatardan öz aýdyşyň ýaly, çopan ýoluny getirdiň. Türkmeniň milli aýdym-saz sungatynda täze 4-nji şahany döretdiň. Öte geçip aýtdygym däl, bu saňa ir-u-giç uly ýol bolar. Özem “Nurberdi Gulowyň ýoly” adyny alar”.

Hudaýberdi Hally: Nurberdi aga ömrüniň soňky böleginde ýaşuly şahyrymyz Çary Gurbangylyjyň goşgusyna bir aýdym döretdi. Ol aýdym garrylaryň durmuşyna mahsus. Öňler Nurberdi agada aýdym döretmek häsiýeti ýokdy, ol muňa şoň geldi. Halk onuň bu hyzmatyny nähili kabul etdi?

Aşyrguly Baýryýew: Nurberdi aga nähili aýdym aýtsa-da, döretse-de, ol halk aýdymy hökmünde kabul edilýärdi. Ine, şol Çary Gurbangylyjyň goşgusyna döreden “Çaýlaşsam kempirim bilen” diýen aýdymy-da halk tarapyndan bir klassyky şahyryň goşgusyna döredilen halk aýdymy ýaly kabul edildi. Ondan soňra “Ýetmiş bäşimde” diýen aýdymy hem döretdi. Ony halypanyň şägirtlerem alyp göterdiler. Onuň soňky döwürde döreden aýdymlaram onuň bütin döredijiligi bilen baglanyşykly, şonuň akabasyna gabat gelýän aýdymlar hökmünde halk içinde meşhurlyga eýe boldy.

Hudaýberdi Hally: Sen halypanyň şägirtlerini ýatladyň. Häzirki döwürde Nurberdi aganyň şägirtlerinden kimleriň adyny tutup bolar?

Aşyrguly Baýryýew: Nurberdi Gulowyň öz bagşyçylyk ýoly bolşy ýaly, onuň özboluşly mekdebi hem boldy. Onuň terjimehalyndan belli bolşy ýaly, uzak ýyllaryň dowamynda Gyzyletregiň Medeniýet öýünde, Pionerler öýünde çeper ýolbnaşçy boldy, mugallymçylyk etdi. Munuň daşyndan, onuň ýanyna gelip, aýdym-saz öwrenenlerem az bolmady. Şolardan Aşyr Gurbanow bilen Rejepguly Kerimow Türkmenistanyň halk bagşysy bolup ýetişdiler. Şeýle-de, bagşylar Nurýagdy Zypdalyýew, Aşyr Annadurdyýew, Akmämmet Nurmämmedow, Hatam Nurbadow, Ýegendurdy Nejebow, Ahmet Mededow, Tagandurdy Mämmedow... Bular köp. Ýöne men esasan ýadymda galanlaryny aýdýan. Bularyň seslerem häli-şindi türkmen radiosynda-da ýaňlanyp dur. Halypanyň ýoluny şägirtleri alyp göterdiler. Onuň ýoluny şägirtleri dowam etdirýärler. Bu bir uly bagt.
XS
SM
MD
LG