Sepleriň elýeterliligi

Moskwada Putine garşy protest geçirmäge rugsat berildi


Putiniň Moskwadaky goldawy esli derejede az boldy, bu ýerde ol saýlawçylaryň diňe 47 prosentiniň sesini aldy.

Putiniň Moskwadaky goldawy esli derejede az boldy, bu ýerde ol saýlawçylaryň diňe 47 prosentiniň sesini aldy.


Orsýetiň paýtagty Moskwanyň häkimiýetleri oppozisiýa aktiwistleriniň hepde ahyrynda Wladimir Putiniň üçünji möhlete prezident saýlanmagyna garşy protest geçirmeklerine rugsat berdi.

Moskwanyň häkiminiň orunbasary Aleksandr Gorbenko “Eho Moskwy” radiosyna çarşenbe güni beren interwýusynda bu protestiň 10-njy martda şäheriň merkezindäki Arbat skwerinde geçiriljegini aýtdy. Bu ýere 50 müňe çenli adamyň ýygnanmagyna rugsat berlipdir.

Proteste rugsat berilmegi Putiniň 4-nji martdaky prezident saýlawlary babatda geçirilen oppozisiýa protestleriniň güýç bilen dargadylmagyny gorap çykyş etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Aktiwistler polisiýa we ýörite güýçler duşenbe güni rus paýtagtynyň iki ýerine ýygnanan müňlerçe anti-Putin protestçini gorukzmak üçin taýak, fiziki güýç we tussag etmek çärelerini ulandy diýýär.

Premýer-ministr we saýlanan prezident çarşenbe güni žurnalistleriň öňünde çykyp gürläp, polisiýanyň “ýerlikli” hereket edendigini aýtdy:

—Olar örän professional hereket etdiler. Hiç kim urulmady. Pitneçilere garşy ýörite enjamlar hem ulanylmady. Olar kanuny bozmaga başlan protestçileri yza iteklediler.

Çarşenbe güni çap edilen saýlaw netijeleri Putiniň 63,6 prosent ses alyp, ýeňiş gazanandygyny görkezýär. Onuň Moskwadaky goldawy esli derejede az boldy, bu ýerde ol saýlawçylaryň diňe 47 prosentiniň sesini aldy.

Alada bildirildi

Ýurduň öňdebaryjy oppozisiýa toparlarynyň biri, Rus Saýlawçylarynyň Ligasy çarşenbe güni bu saýlawy ýazgyryp çykyş etdi we giň ýaýran düzgün bozmalaryň Putiniň ýeňşini ykrar etmäge mümkinçilik bermeýändigini aýtdy.

Tanymal ýazyjy Boris Akunin Moskwada guralan metbugat ýygnagynda çykyş edip, saýlaw sebäpli dörän gahar-gazap Orsýeti baş-başdaklyga çenli aşak düşürip biler diýdi:

—Parlament we prezident saýlawlaryndan ybarat uly prezident kampaniýasy netijesinde biziň ýurdumyz, geliň, her zady öz ady bilen aýdalyň, yrga we howsalaly ýagdaýa düşdi; jemgyýetiň uly bölegi, özem aktiw bölegi hem parlamentiň, hem Orsýet Federasiýasynyň prezidentiniň kanunylygyna şübhe bildirýär ýa-da ony ykrar etmekden boýun gaçyrýar.

Günbatar synçylary şu hepdäniň başynda Orsýetiň prezident saýlawlarynyň adalatly bolmandygyny aýtdy we saýlaw kampaniýasynda Putine has artyk mümkinçilik berlendigini hem-de hakyky bäsleşigiň döredilmändigini nygtady.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Hillari Klinton çarşenbe güni saýlawdan soňky nägileliklerde parahat protestçileriň tussag edilmeginden alada bildirip, howsalasyny beýan etdi. Ýöne ol şol bir wagtda Birleşen Ştatlaryň Putin bilen işleşmäge “taýýardygyny” hem aýdyp goýdy:

—ÝHHG-niň aýan edişi ýaly, ol ýerdäki soňky saýlaw prosesi babatda bir topar alada boldy we olaryň derňelmegi hem çözülmegi gerek. Şeýle-de biz birinji gün ýene parahat protestçileriň tussag edilmeginden alada galdyk. Emma saýlawyň açyk ýeňijisi bar we saýlanan prezident Putin kasam edip, prezidentlik jogapkärçiligini öz üstüne alandan soň, biz onuň bilen işleşmäge taýýar.

Klinton Orsýetiň “içerki dialogynyň” gelýän ýyllarda ileri süýşmegine we “rus halkynyň arzuwlarynyň doly hasyl bolmagyna” hem umyt bildirdi.
XS
SM
MD
LG