Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan türkmenleriniň arasynda ýaş bagşy


Ýaş bagşy Aman Däli
Ýaş bagşy Aman Däli
Owgan türkmenleriniň arasynda ýaş bagşy Aman Däli meşhurlyga eýe boldy. Bu bagşynyň halk arasynda tanalmagynyň, meşhurlyga eýe bolmagynyň sebäpleri hem onuň sungatynyň aýratynlyklary barada Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady onuň bilen söhbetdeş boldy.

Aýdymçy Aman: Maňa Aman Däli diýýärler. Men owgan türkmenleriniň ýaş bagşylaryndan biri. Aslym Demirgazyk Owganystanyň Anthoý welaýatyndaky Ruswaly gorganyndan. Özüm çakyr tiresinden.

Azatlyk Radiosy: Sen näçe ýaşyňda?

Aýdymçy Aman: Otuz alty ýaşymy doldurdym.

Azatlyk Radiosy: Mekdepde bilim aldyňmy?

Aýdymçy Aman: Men mekdep okap bilmedim. Men ýaş wagtymda, okuw okajak wagtymyzda uruş başlandy. Mekdepden mahrum galdyk. Men bilimsiz galsamam, türkmene hyzmat etmegi ýüregime düwdüm. Öz planym bilen türkmeniň aýdymy nähili aýdylýar, sazy nähili çalynýar, şuny keseden öwrenip, ony başlap alyp barýaryn. Halkyň toýuna gatnaşýan.

Azatlyk Radiosy: Aýdym-saz öwrenmek üçin, ussatdan tälim aldyňmy?

Aýdymçy Aman: Biz şonça höwes etsegem, häzir bize öwredip duran ussat ýok. Ritm öwredýän, sazlary öwreýän ýok. Şuny biz öz güýjümiz bilen öwrenip, türkmen aýdymlaryny ýola saldyk. Men muňa gaty begenýän.




Azatlyk Radiosy: Sen nähili usulda aýdym aýdýarsyň?

Aýdymçy Aman: Türkmen aýdymçylarynyň içinde men aýdymy hereketli aýdýan. Owganystan türkmenleriniň arasynda hereketli aýdym aýtmagy men başladym. Bir aýdymy hindi, pars kompozitory ýa türkmen kompozitory düzen bolsa, şol aýdyma laýyk hereketleri edýän.

On ýyllap köpçülik aýdymlaryny, öňki türkmen aýdymlarymyzy aýdyp geldim. Soňky bäş ýyldan bäri Günbatar sazlaryna aýdym aýdýan. Keýborty, ritmi kompýuter arkaly ulanyp, aýdymlary şoňa laýyk edip aýdýan.

Meniň aýdymlarym halkyň durmuşy bilen baglanyşykly, meniň edýän hereketlerimem halka makul. Ýöne men onuň üçin ertir-agşam türgenleşip, hereketlerimiň jaýba-jaý bolmagy üçin alada edýän.

Azatlyk Radiosy: Sen özüňe näme üçin “däli” lakamyny aldyň?

Aýdymçy Aman: Däli diýmegimiň sebäbi, halk maňa “däli” diýýär. Menem özüme bir däli diýip, şol ady aldym. Muny özümi tanatdyrmak üçin aldym. Her bir toýa baranymda, bu bolup duran işler meniň ýüregime sygman, men bir däli boldum. Türkmençilik ýa öňden gelýän däp-dessurlar meniň ýüregime sygman gaýdýardym. Meniň türkmen aýdymlaryma baha berenokdylar. Ony zordan şu derejä ýetirdim.

Azatlyk Radiosy: Türkmen aýdym-sazlary bilen türkmen ýaşlary gyzyklanýarmy?

Aýdymçy Aman: Öň türkmençe aýtsaň, ony kabul etmeýän adamlar bardy. Mazary Şerife ýa Jöwüzjana, hatda Kabula baryp, özbekçe-parsça aýdyp gaýtdyk. Ýöne täze sazlar döräli bäri biziň sazlarymyz güýçli boldy, aýdymlarymyzam gowlaşan bolsa gerek. Häzir Mazary Şerifiň ýaşlary-da türkmen aýdymlaryny diňleýärler.
XS
SM
MD
LG