Sepleriň elýeterliligi

Zenanlar güni: jynsy deňligi ilerletmek ugrundaky täze çagyryşlar


Zenanlar toparlary we beýleki guramalar Halkara aýal-gyzlar güni bolan 8-nji mart baýramçylygyny Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň has howpsuz, parahat we demokratik jemgyýetleri gurmak üçin jynsy deňligiň we zenan hukuklarynyň möhümdigini nygtamagy bilen belleýärler.

Halkara aýal-gyzlar güni Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hem bellenýär. Bu sene ençeme ýurtlarda, şol sanda Orsýetde we öňki sowet respublikalarynyň köpüsinde iş güni däl.

Aýal-gyzlar güni ilkinji gezek 1911-nji ýylda bellendi. Şonda Ýewropa döwletleriniň ençemesinde zenanlaryň hukugy, şol sanda olaryň ses bermek we döwlet edaralarynda işlemek hukuklary talap edilip, ýörişler geçirilipdi.

Ýewropa Geňeşiniň Parlamentar Assambleýasynyň prezidenti Žan-Klod Mignon çarşenbe güni ýörite beýanat ýaýradyp, geçen ýyl “Arap bahary” tolgunyşyklarynda zenanlaryň oýnan roluna ünsi çekip, muňa ýokary baha berdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Owganystanyň welaýat geňeşiniň agzasy Marýam Duranini sylaglaýar.

Birleşen Ştatlarda Döwlet sekretary Hillari Klinton ýurduň Birinji hanymy Mişel Obama bilen penşenbe güni Halkara gaýratly zenanlar üçin baýrak gowşurylyş dabarasyny geçirmegi planlaşdyrýar.

Her ýyl gowşurylýan bu abraýly baýrak dünýäniň çar künjünde zenanlaryň hukuklaryny goramakda janlaryny aýaman edermenlik görkezen zenanlara berilýär.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti 2007-nji ýylda döredileni bu baýragy häzire çenli 34 ýurtdan 46 zenana berdi.

Şu ýyl bu baýragy alanlaryň arasynda Owganystanyň welaýat geňeşiniň agzasy Marýam Durani we pakistanly adam hukuklary aktiwisti Şad Begum hem bar.

Orsýetde Halkara aýal-gyzlar gününe, adatça, zenanlaryň syýasy, ykdysady we sosial üstünlikleriniň bellenmegi hökmünde garalýar.
XS
SM
MD
LG