Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä güýçleri Eýranyň ýadrosy barada ‘çynlakaý’ dialog isleýär


Dünýä liderleriniň aýtmaklaryna görä, Eýranyň ýadro programmasy barada teklip edilen geljekgi gepkleşikler hiç bir deslapky şert goýulmazdan “çynlakaý” bolmalydyr we “anyk netijeleri” gazandyrmalydyr.

Düýbi Wenada ýerleşýän Halkara atom energiýasy gullugynyň ýörite maslahatynda kabul edilen Birleşen Ştatlaryň, Hytaýyň, Orsýetiň, Fransiýanyň, Britaniýanyň we Germaniýanyň bilelikdäki beýannamasynda Eýranyň öz şübheli harby obýektlerine halkara inspektorlaryň barmagyna rugsat bermegine hem çagyrylýar.

Şu ýylyň başynda Eýran Birleşen Milletler Guramasynyň inspektorlarynyň “Perçin” desgasyna barmagyna rugsat bermedi.

Dünýäniň iri döwletleriniň we Eýranyň arasyndaky gepleşikleriň geçiriljek ýeri we güni barada entek aýdylmady.

Geçen ýyl Stambuldaky şuňa meňzeş gepleşikler netijesiz tamamlanypdy.
XS
SM
MD
LG