Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň nebit ministriniň orunbasary oppozisiýa geçdi


Siriýanyň nebit ministriniň orunbasary Abdo Hussameddin oppozisiýanyň tarapyna geçýändigini yglan etdi.

Hussameddin ýurtda bir ýyl mundan öň prezident Başar al-Assadyň režimine garşy protestler başlany bäri oppozisiýanyň tarapyna geçen ilkinji ýokary derejeli resmi boldy.

Hussameddin “ÝouTube” internet saýtynda ýerleşdiren wideo ýazgysynda “adalatsyzlygy inkär edýän we režimiň gazaply kampaniýasyna garşy halkyň rewolýusiýasyna goşulýandygyny” aýdýar.

Onuň wideo ýazgysyny internet saýta goýan aktiwist Raminiň “Frans Press” habarlar agentligine aýtmagyna görä, oppozisiýa onuň wezipesinden çekilmegine kömek edipdir.

Siriýanyň hökümeti Hussameddiniň oppozisiýanyň tarapyna geçýändigi baradaky habary entek kommentirlemedi.
XS
SM
MD
LG