Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň türmedäki öňki premýeri Timoşenko hossarlary bilen duşuşýar


Ukrainanyň gündogarynda ýerleşýän Harkow şäherindäki “Kaçaniw” zähmet-düzediş koloniýasynyň ýolbaşçylary öňki premýer-ministr Ýuliýa Timoşenkonyň öz gyzy hem ejesi bilen duşuşmagyna rugsat berdi.

Türme ýolbaşçylarynyň 8-nji martda aýtmaklaryna görä, Timoşenkonyň hossarlary üç günläp onuň ýanynda galyp bilýärler.

Ukrainanyň türme resmileriniň aýtmagyna görä, “Kaçaniw” koloniýasyndaky ähli tussaglara üç aýda bir gezek üç günläp öz hossarlary bile bolmaga rugsat berilýär.

Ýuliýa Timoşenko öz wezipesinden galp peýdalananlykda aýyplanyp, 2011-nji ýylyň oktýabrynda 7 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Emma Timoşenko özüne ýöňkelýän aýyplamalary ret edýär we özüne garşy gozgalan jenaýat işiniň syýasy äheňlidigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG