Sepleriň elýeterliligi

Ermenistan Azerbaýjanda geçiriljek “Eurovision- 2012” bäsleşigine gatnaşmaz


Ermenistan Azerbaýjanda geçiriljek “Eurovision- 2012” aýdym-saz bäsleşigine gatnaşmajakdygyny yglan edýär.

Ermenistanyň bu bäsleşige gatnaşjak wekilini saýlaýan jemgyýetçilik telewideniýesi şeýle boýkotyň Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewiň 1-nji martdaky çykyşynda “dünýä ermenilerini” ýurduň iň esasy duşmanlary diýip atlandyrmagy bilen baglydygyny habar berýär.

Döwlet telewideniýesiniň ýaýradan beýanatynda bu karara prezident Alyýewiň “ähli ermeniler, şol sanda “Eurovision” bäsleşigine gatnaşýan ermeni delegasiýasynyň agzalary hem Azerbaýjanyň duşmanlary diýip resmi taýdan çykyş etmeginiň" şeýle karara sebäp bolandygy aýdylýar.

Bu basleşigi gurnaýan “Ýewropanyň gepleşikler bileleşigi” munuň “gynandyryjy” karardygyny aýdýar.

Azerbaýjan 2011-nji ýylda Germaniýada geçirilen “Eurovision” basleşiginde ýeňiş gazanyp, 2012-nji ýylda bäsleşigiň Bakuwda geçirilmegine hukuk gazanypdy.
XS
SM
MD
LG