Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedowyň ilkinji heýkeli peýda boldy


Berdimuhamedowyň at üstündäki heýkeli
Berdimuhamedowyň at üstündäki heýkeli

Ýakynda, 3-5-nji mart aralygynda Aşgabatdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde 8-nji mart baýrmaçylygy mynasybetli geçen “Güller zenan kalby ýaly ajaýyp” atly gülleriň sergisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sankt-Peterburgyň simwoly bolan Pýotr birinjiniň ýadygärligine kybapdaş at üstündäki heýkeli köpçülige görkezildi. Bu heýkele "Arkadag" diýen at berildi.

Bu ýagdaý nämäni aňladýar? Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir “Jane's Information Group” syýasy barlaglar edarasynyň GDA we Gündogar Ýewropa boýunça analitigi Lilit Geworgýan bilen bu barada söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilkinji heýkeli halk köpçüligine görkezildi. Ol Aşgabatda geçirilýän gül sergisinde goýuldy. Bu waka Berdimuhamedowyň ikinji gezek prezidentlige saylanmagynyň yz ýanyna gabat geldi. Eýsem bu nämäni aňladýar?

Lilit Geworgýan: 2006-nji ýylda, Saparmyrat Nyýazowyň ölüminden soň, Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçende ýurdy awtoritar düzgün bilen dolandyrmak we şahsyýet kultyny ýaýbaňlandyrmak usulyndan el çekiler diýen umyt döräpdi. Bu umytlaryň döremegine, belli bir derejede, Berdimuhamedowyň äden ädimleri sebäp bolupdy. Emma ol hiç haçan ýurtda lideriň güýç-gudratly bolmalydygy hem-de onuň diňe lider däl, ýurduň atasy bolmalydygy baraky konsepsiýany goýbolsun etmedi.

Ýurtda aşa awtoritar düzgünden belli bir derejede ýüz öwrülen hem bolsa, umuman aýdylanda, şol konsepsiýa dowam edýär. Bu heýkelden ozal hem dürli edaralara Berdimuhamedowyň kakasynyň we atasynyň atlarynyň dakylanlygyna şaýat bolduk.

Berdimuhamedowyň suratlary hökümet edaralaryndan başlap, keselhanalardyr, çagalar baglaryna çenli her ýerde asylgy dur. Oňa gahraman diýlen sylaglaram gowşuryldy. Olaryň ählisine täze şahsyýet kultyny döretmek äheňinde ädilen ädimler diýse bolar.

Azatlyk Radiosy: Berdimuhamedowyň heýkeliniň peýda bolmagy, onuň maşgala agzalarynyň atlarynyň dürli edaralara dakylmagy ýaly wakalar Nyýazowyň häkimiýet başyna geçmeginden soň ädilen ädimler bilen deňeşdirilende, näme aýdyp bolar?

Lilit Geworgýan: Elbetde, ol ikisiniň arasynda meňzeşlikler bar. Emma, şol bir wagtyň özünde-de, tapawutlyklaram bar. Meselem, Nyýazow bilen deňeşdirilende, Berdimuhamedow daşary sýyasatda aktiw iş alyp barýar. Nyýazow bolsa ýurdy dünýäden üzňeleşdiripdi.

Berdimuhamedow hem ýurtda öz şahsyýet kultyny döretmäge synanyşýar, emma ol Nyýazowyň derejesine baryp ýeter öýdemok. Ýagny, ol kitap ýazyp, ony okuw jaýlaryna hökmäny sapak hökmünde girizer diýip, çak edemok.

Daşary sýyasat barada aýdylanda hem Berdimuhamedow energiýa esaslanýan aktiw sýyasatyny dowam etdirer. Nyýazow bilen deňeşdirilende, Berdimuhamedow Eýran, Günbatar we Orsýet bilen deňagramly sýyasat alyp baryp, daşary ýurtlar bilen belli bir derejede pragmatik aragatnaşygy dowam etdirýär.

Azatlyk Radiosy: Şahsyýet kuly barada gürrüň etdiňiz, ýakynda peýda bolan şeýle heýkelleriň dowamy geler diýip çak edýärsiňizmi?

Lilit Geworgýan: Bu barada çaklama etmek juda kyn. Sebäbi ýurt henizem hem juda ýapyk. Emma Berdimuhamedowyň Nyýazowyňky ýaly öňdengörüji liderlik häsiýeti hem o diýen ýok.

Meniň pikirimçe, Nyýazow türkmenleri belli bir çarçuwanyň içinde suratlandyryp, ol türkmen durmuşynyň şol çarçuwadaky surata gabat gelmegi üçin kitap ýazmak kararyna gelipdi diýlen pikir bar. Men Berdimuhamedow şol derejä baryp ýeter diýip biljek däl.

Meniň pikirimçe, Berdimuhamedow özüni ýurduň ýeke-täk lideri hökmünde tanatmagy dowam etdirer. Ol indiki ugrukdyrylan saýlawlarda hem alan sesleriniň görkezijisini Nyýazowyňka has ýakynlaşdyrmaga çalşar.

Aýtjak bolýan zadym, Berdimuhamedow özüni Nyýazow ýaly öňdengörüji lider hasaplanok. Şol bir wagtyň özünde-de, ol ýurdy talabalaýyk dolandyrmak üçin realist bolmagyň zerurdygyna göz ýetirýär. Belki şonuň üçindir, daşary ýurt diplomlary ykrar edilip başlandy. Emma, şol bir wagtyň özünde-de, ol özüni güýçli lider hökmünde görkezmek üçin mundan beýläk hem serasaply ýagdaýda şeýle ädimleri ätmegi dowam etdirer.
XS
SM
MD
LG