Sepleriň elýeterliligi

Merkezi aziýaly zenan migrantlaryň arzuwlary puja çykýar


Gyrgyz zenanlary Moskwada geçirilen reýd mahalynda saklanýarlar, 2011-nji ýylyň 7-nji iýuly.

Gyrgyz zenanlary Moskwada geçirilen reýd mahalynda saklanýarlar, 2011-nji ýylyň 7-nji iýuly.

Ykdysady krizisiň ýaýbaňlanmagy merkezi azialy zenanlaryň gitdigiçe has köpüsini milli medeniýetleriniň we dini däp-dessurlarynyň çäginden daşlaşyp, gazanç çeşmesiniň gözleginde daşary ýurtlara çykmaga mejbur edýär. Orsýetde şeýle zenanlaryň sanynyň köpelmegi olaryň hak-hukuksyzlygy, gorkuzylyp işledilmegi we jyns taýdan ulanylmagy ýaly agyr netijeleri artdyrýar.

Merkezi aziýaly zenanlaryň Orsýete özbaşdak gidip işlemegi sähel wagt mundan ozal hem örän seýrek duş gelýärdi. Emma ykdysady krizisiň ýaýbaňlanmagy zenanlary milli däp-dessurlaryň çäginden çykmaga mejbur etdi. Munuň bilen birlikde, zenanlaryň duçar bolýan kynçylyklary-da köpeldi.

Ors dilini bilmezligi zenanlaryň Orsýetiň düzgünlerine we zähmet migrantlarynyň hak-hukuklaryna düşünmek işini kynlaşdyrýar. Olaryň köpüsi Orsýetde bikanun ýaşaýar, bu bolsa zerur bolan pursatlarda zenanlaryň häkimiýetlere ýüz tutmak mümkinçiliklerini-de çäklendirýär.

Bu faktorlar zenalaryň garaşylmadyk howply wakalara duçar bolmak töwekgelçiligini döredýär. Zenanlar agyr zähmet şertler, şantaž, fiziki we jyns taýdan zorkuk ýaly howplaryň pidasy bolýarlar.

“Nämäniň garaşýanlygyny bilmändim...”

—Orsýete işlemek üçin gelemde, men bar bolan kynçylyklardan çykalga tapyp bilerin öýdüpdim. Emma bu ýerde maňa nämäniň garaşýanlygyny men bilmändim—diýip, Moskwada işçi bolup işleýän gyrgyzstanly Egnara Usenowa aýdýar.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi Orsýetde daşary ýurtly işçi güýjüni emele getirýän migrantlaryň 30%-niň aýallardygyny çak edýär. Emma takyk sanlar berilmeýär, sebäbi köp migrantlar resmi hasaba alynmaýar. Emma, orsýetli resmileriň we synçylaryň çaklamalaryna görä, migrant aýallaryň sany kopelýär we bu tendensiýanyň ýakyn geljekde dowam etmegine garaşylýar.

Täjigistanyň Döwlet migrasion gullugynyň resmisi Muzaffar Zarifowyň sözlerine görä, Täjigistanyň daşyna gidip, zähmet çekýän migrantlaryň arasynda 2003-nji ýylda diňe 6%-i aýallardy. Emma şol döwürden bäri aýallaryň sany azyndan iki esse köpeldi.

—Häzirki wagtda azyndan 120 müň aýalyň Täjigistanyň daşynda bikanun migrant bolup işleýänligini aýtmak mümkin—diýip, Zarifow aýdýar.

Täjigistanly durmuşa çykmadyk zenan özüniň ekiz çagalarynyň biri bilen Moskwada krizisdäki zenanlar üçin merkezde, 2011-nji ýylyň 16-njy oktýabry.

Täjigistanly durmuşa çykmadyk zenan özüniň ekiz çagalarynyň biri bilen Moskwada krizisdäki zenanlar üçin merkezde, 2011-nji ýylyň 16-njy oktýabry.

Hökümete degişli bolmadyk guramalar hem bu tendensiýanyň tutuş regiona degişlidigini aýdýarlar.

Gyrgyzystanda migrantlaryň problemalary boýunça iş alyp barýan “Sana Sezim” guramasynyň başlygy Hadiça Abyşewanyň bellemegine görä, migrant zenanlar öýlerini terk eden badyna kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup başlaýarlar:

—Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň ýa Täjigistanyň giňişliginde zenanlary toplap ýurduň daşyna çykarýan adamlar bar. Guramamyza şikaýat edýän köp zenanlar özleriniň aldawa düşenligini, olara berlen wadalaryň hakykata gabat gelmänligini gürrüň berýärler. Käbir halatlarda zenanlar, Gazagystana äkidilip, başga birine tabşyrylýar we olardan ýol kireýini ýa beýleki çykdajylar üçin pul talap edilýär.

Çaga meselesi

Merkezi Azialy zenanlaryň tenini satmaga mejbur edilýänligi barada habar serişdelerinde köp maglumat berilýär. Häkimiýetler bolsa bikanun migrant zenanlar tarapyndan ýaňy bolan çagalaryň taşlanýanlygy barada habar berýärler.

Gyrgyzystanyň parlamentiniň resmi maglumatlaryna görä, gyrgyz zenanlary tarapyndan dogrulyp, Orsýetde taşlanan çagalaryň azyndan 230-sy häzirki wagtda Moskwanyň çagalar öýlerinde saklanýar. Şeýle çagalaryň eneleriniň köplenç zorlanan ýa tenini satyp gün görýän aýallardygy aýdylýar.

Hökümete degişli bolmadyk guramalaryň aktiwistleriniň pikirine görä, iş gözläp Orsýete gaýdýan merkezi azialy zenanlaryň öz ýurduny terk etmeginden ozal ors dilini öwrenmegi we öz hak-hukuklaryndan habarly bolmagy ugrunda entek köp iş edilmeli.
XS
SM
MD
LG