Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz ýolbaşçylary öz emläkleri barada deklarasiýa doldurdylar


(çepden saga) Parlamentiň spikeri Asylbek Jeenbekow, prezident Almazbek Atambaýew, premýer-ministr Omurbek Babanow Baýdak gününde, Bişkek, 3-nji mart.

(çepden saga) Parlamentiň spikeri Asylbek Jeenbekow, prezident Almazbek Atambaýew, premýer-ministr Omurbek Babanow Baýdak gününde, Bişkek, 3-nji mart.

Gyrgyzystanda häkimiýet başyndakylaryň iň garybynyň premýer-ministr Ömürbek Babanowdygy belli boldy. Ol girdeji emlägi barada dolduran deklarasiýasynda 2000-nji ýylda satyn alan awtoulagynyň bardygyny we hatda hususy jaýynyň hem ýokdugyny görkezipdir. Babanow bir ýylyň dowamynda hökümetden 779 müň som, ýagny 20 müň dollara barabar zähmet hakyny alypdyr.

Gyrgyzystanyň premýer-ministriniň maglumat syýasaty boýunça edarasynyň başlygy Soltan Kanazarow berlen maglumatlaryň dogrudygy barada Azatlyk Radiýosyna şeýle diýdi:

—Ol jaýym ýok diýse ýokdur. Men bilemok. Hökümet işgärleri öz girdeji emlägi barada deklarasiýa doldurýarlar. Olar öz deklarasiýalarynda näçe girdeji gazanýandyklaryny, nähili emläkleriniň bardygyny görkezýärler. Olaryň maglumatlaryny salgyt polisiýasy arkaly barlap bolýar. Şeýle-de olar beren maglumatlarynyň dogrudygy ýa-da däldigi barada kanunyň öňünde jogap berýärler.

Emma ilat arasynda “AKB Gyrgyzystan” bankynyň, “Rio” awtoulag bazarynyň, “NTS” telekanalynyň Ömürbek Babanowyň gözegçiligindedigi barada gürrüňler bar. Ýöne ýuridiki taýdan olaryň başga bir adamlaryň adyna bolmagynyň mümkindigi güman edilýär.

Şol bir wagtda premýer-ministriň 2011-nji we 2012-nji ýyldaky girdeji emlägi barada beren maglumatlarynyň arasynda düýpli tapawutlar bar. Analitik Jyrgalbek Turdyhojaýewiň pikiriçe, Babanow hökümet başlygy bolandan soňra öz emlägini gizläpdir:

—Ömürbek Babanow geçen ýyl dolduran deklarasiýasynda iki gatly jaýynyň, ýeňil awtoulagynyň bardygyny görkezipdir. Emma Babanowyň şu ýylky deklarasiýasynda hiç hili emlägim ýok diýmesi juda geň galdyrýar. Hökümetde uzak wagtdan bäri işleýänleriň öz emläkleri barada doly maglumat bermezligi gowy zat däl. Resmileriň deklarasiýasyny gören halkyň olara ynamy has-da azalýar.

Prezidentiň emlägi

Prezident Almazbek Atambaýew geçen ýylda 1 million 213 müň som ýagny, 30 müň dollardan gowrak aýlyk alypdyr. Atambaýew 100 müň dollarlyk jaýynyň, bahasy 5 million dollardan gowrak mülk ýeriniň bardygyny görkezipdir. Emma ol bu ýeriň kimiňkidigini anyk görkezmändir. Şonuň ýaly-da Atambaýew öz deklarasiýasynda 4 müň dollarlyk iki awtoulagynyň bardygyny hem görkezipdir.

Prezidentiň metbugat wekili Kadyr Togtogulow prezident öz girdeji emläkleri baradaky maglumatlary gizlemedi diýýär:

—Prezident özüniň näçe girdeji gazanandygyny, nähili emläginiň bardygyny doly görkezdi. Ol prezident hökmünde hemmelere görelde bolup, girdejisi, emläkleri barada açyk ýazdy.

Synçylar hökümetde işleýänleriň arasynda öz aýlyklaryny we emläklerini gizleýänleriň köpdügini aýdýarlar. Munuň sebäplerini parlamentiň deputaty, oppozision “Ar Namys” partiýasynyň agzasy Tursunbaý Bakir ogly şeýle düşündirýär:

—Gyrgyzystanyň akylly syýasatçylary öz baýlyklaryny ýurtdan çykarýarlar. Olaryň Türkiýede, Gazagystanda, Birleşen Arap Emirliklerinde, hatda Malaýziýada hem emläkleri bar. Olar özleriniň ertirki gün suda berilmeginden gorkup, emläklerini öz garyndaşlarynyň atlaryna geçirýärler. Ikinjiden, olar hökümetde işleýänler munça baýlygy nireden alýarka diýip halkyň soramazlygy üçin öz emläklerini gizleýärler.

Gyrgyzystanda resmiler her ýylda öz aýlyklary we emläkleri barada deklarasiýa doldurýarlar. Emma olaryň beren maglumatlaryny barlap görmek häzirlikçe mümkin däl.
XS
SM
MD
LG