Sepleriň elýeterliligi

Öňki wise-premýer bank pudagy barada


Halkbank, Aşgabat.

Halkbank, Aşgabat.

Hepdäniň başynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň bank pudagynda wezipelere täze ýolbaşçylary bellemek barada permandyr kararlara gol çekdi.


Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň birinji orunbasary wezipesine Annaoraz Rejepowyň, Türkmenistanyň ösüş döwlet bankynyň başlygy wezipesine Serdar Baýramowyň, “Garagum” halkara aksioner bankynyň başlyklygyna Röwşen Nurýagdyýewiň, “Halkbank” döwlet kommersiýa bankynyň başlyklygyna Çüri Çüriýewiň, “Türkmenbaşy” döwlet kommersiýa bankynyň başlyklygyna Ahmet Gylyçdurdyýewiň bellenendigi habar berildi.

Fewral aýynyň ahyrynda “Türkmenistan “döwlet kommersiýa bankynyň we Türkmenistanyň ösüş döwlet bankynyň başlygy işde goýberen kemçilikleri üçin wezipesinden boşadylypdy. Şonda Berdimuhamedow bank pudagynda käbir ýolbaşçylaryň özüne bildirilen ynamy ödemän, gulluk wezipesini şahsy bähbidi üçin ulanýandyklaryny aýtdy.

Geçen ýylyň iýul aýynda hem Merkezi bankyň jogapkär işgärleri Bäşim Begjanow, Gülnar Gulgeldiýewa, Baýramguly Taňrygulyýew dagy jogapkärli ýagdaýy eýeleýän wezipeli adam bolup deslapdan dilleşmek boýunça uly möçberde gaýtadan para almakda, wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatly peýdalanyp, agyr netijelere getirmekde we bikanun ýol bilen gazanylan pul serişdelerini uly möçberde kanunlaşdyrmakda günäli bilindiler. Olar Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan 15 ýyl azatlykdan mahrum edilipdiler.

Türkmenistanyň bank sistemasynda soňky bäş ýylda nähili özgerişler boldy? Bank sistemasynda nähili näsazlyklar bar? Azatlyk Radiosyndan Nazar Hudaýberdi Garaşsyz Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ilkinji başlygy, türkmen milli pulunyň döredilmeginiň gözbaşynda duranlaryň biri, öňki wise-premýer Hudaýberdi Orazow bilen bu barada söhbetdeş boldy.

Azatlyk radiosy: Berdimuhamedow häkimiýet başyna geleli bäri Türkmenistanyň bank sistemasynda nähili oňyn özgerişler göze ilýär?

Hudaýberdi Orazow: Dogrudanam, käbir işler edildi bank sistemasynda. Esasy, milli puluň daşary ýurt pullaryna çalşylmasy. Eger-de şol bolmasa, haýsy ýurduň puly bolsa–da öz gymmatyny ýitirýär. Ýurduň halkyna, ykdysadyýetine köp azar ýetýär. Şonuň üçin şol edilen iş gaty gowy boldy. Nyýazowyň döwründe-de kän aýdyldy, kän goýuldy, durmuşa geçirjek bolduk, ýöne bolmandy.

Ýöne ol döwürde ýurtda eýelik edýän ýerli jenaýat topary bardy, olara milli puluň dollara çalşygy gerek däldi. Soň bolsa özlerine gerek işilerini bitirdiler, Şondan soň Berdimuhamedowyň döwründe milli puly dolanyşyga girizmäge mümkinçilik berdi şolar.

Azatlyk Radiosy: Berdimuhamedow iki sany bankyň başlygyny gulluk wezipesini şahsy bähbitleri üçin ulanmakda aýyplap, wezipesinden boşatdy. Häzirki döwürde döwlet banklarynda, goý, Merkezi bank bolsun ýa kommersiýa banklary bolsun, galplyga nähili ýollar bar?

Hudaýberdi Orazow: Bank sistemasy umumy ykdysadyýetiň bir bölegi bolup durýar. Şonuň üçin, eger-de Türkmenistanda ýa başga bir ýurtda halk hojalygynda Türkmenistanda bar kemçilikler bolup dursa, bank sistemasam şonuň ýaly kemçiliklerden boş bolup bilmeýär. Şol kemçilikleriň bir görnüşem korrupsiýa. Şonuň üçin kim bolubersin, näçe gezek aýrybersin, görüp dursuňaz-a, elmydam ýolbaşçylary aýryp durlar, täze adamlary goýup durlar. Sebäbi häzirki dolanyşykda dolanyp dursa, ol hiç wagtam kemçiliksiz bolup bilmeýär. Düýpli kemçiliksiz.

Azatlyk Radiosy: Onda şeýle sorag, Hudaýberdi Orazow, size: türkmen banklarynyň dünýä derejesinde iş alyp barmagy üçin bu sistemada nähili özgerişler geçirilmeli?

Hudaýberdi Orazow: Birinji ýerde, ýurtda halkara düzgün boýunça ýazylan kanunlar bolmaly. Bank sistemasynda-da, halk hojalygyny dolandyryşda-da şol kanunlar hakyky işläp durmaly. Hökümetiň esasy borjy şol kanunlary işletmek. Öz halkynyň öňünde, halkara jemgyýetiniň öňünde şol kanunlaryň işleýşine jogap bermek. Ana, şol ýagdaýda ýurt dolanaram, halkam gowy ýaşap başlar.

Azatlyk Radiosy: Häzir Türkmenistanda daşary ýurtlularyň gelip, bank açmak mümkinçiligi nähili?

Hudaýberdi Orazow: Onuň iki tarapy bar. Birinjiden, Türkmenistandaky ýaly diktatura bar ýerinde hiç bir gurama şonuň ýaly zat döretmeýär, şoňa rugsadam bermeýär. Ikinjiden, daşyndan gelenler hakyky bir erkin, halkara düzgüni boýunça işläp bolmaýan ýerde känbir işlejek bolmaýarlar. Diktatura-da şonuň ýaly adamlary işletmejek bolýar, daşyndan gelenlerem şonuň ýaly ýerde işlemejek bolýar. Şonuň üçin iki taraplaýynam bularyňky bolmaýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG