Sepleriň elýeterliligi

Medwedew Orsýetiň Katardaky ilçisini wezipesinden boşatdy


Kremliň beren maglumatyna görä, prezident Dmitriý Medwedew Orsýetiň Katardaky ilçisi Wladimir Titorenkony wezipesinden boşadypdyr.

Geçen ýylyň noýabrynda Kataryň halkara aeroportunda howpsuzlyk we gümrük ofiserleri ilçi Wladimir Titorenko hüjüm edipdiler. Şonda Titorenko Iordaniýa saparyndan Katara dolanypdy. Bu waka nämäniň sebäp bolandygy anyk däl.

Mundan öň Orsýetiň Daşary işler ministrligi ilçi Titorenko bilen bagly waka barada Katara resmi protest notasyny ýollapdy we keselhanadan çykandan soň ilçiniň Katary terk etjekdigini habar beripdi.

Orsýet bilen Kataryň arasyndaky gatnaşyklar 2004-nji ýylda Içkeriýa-Çeçen respublikasynyň prezidenti wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiren Zelimhan Ýandarbaýew Dohada öldürilenden soňra dartgynlaşypdy.

Şonda Orsýetiň aňtaw gullugynyň agentleridigi aýdylýan iki ors raýaty adam öldürenlikde aýyplanyp, ömürlik türme tussaglygyna höküm edilipdi. Soňra olar Orsýete ekstraditasiýa edilipdi.
XS
SM
MD
LG