Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet BMG-niň Siriýa boýunça täze rezolýusiýasyny goldamaýar


Orsýet Siriýadaky gandöküşikligiň öňüni almak barada Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Günbatar tarapyndan goldanylýan täze rezolýusýasynyň taslamasyna garşydygyny aýdýar.

Orsýetiň Daşary işler ministriniň orunbasary Gennadiý Gatilowyň sözlerine görä, rezolýusiýanyň taslamasy “deňagramly” däl. Sebäbi onda şol bir wagtyň özünde iki tarapyň hem – hem hökümetiň, hem gozgalaňçylaryň – zorlugy bes etmekleri barada çagyryş ýok.

Siriýadaky režimiň uzak wagtdan bäri ýarany we Siriýanyň ýarag üpjünçisi bolan Orsýet, şeýle hem Hytaý mundan öň hem BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Siriýa baradaky iki rezolýusiýasynyň taslamasyna weto goýupdular.

9-njy martda Siriýanyň Milli oppozision geňeşiniň başlygy Burhan Halioun prezident Başar al-Assad oppozisiýa garşy zorlugy dowam etdirýän wagty haýsydyr bir gepleşikleriň geçirilmegini ret etdi. Ol bu barada “Assoşeýted press” habar agentligine aýtdy.

BMG-niň we Arap Ligasynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Kofi Annan hökümeti we oppozisiýany dialoga çagyrýar.
XS
SM
MD
LG