Sepleriň elýeterliligi

Owganystandaky türmeler owgan häkimiýetlerine geçiriler


Anna güni Owganystanyň we Birleşen Ştatlaryň resmileri ABŞ-nyň gözegçiliginde bolan owgan türmelerini owgan häkimiýetlerine geçirmek baradaky dokumente gol goýdular.

Kabulda gol goýlan dokumentde ABŞ-nyň gözegçiliginde bolan Bagram harby bazasyndaky türmeleriň alty aýyň içinde owgan häkimiýetlerine tabşyryljakdygy aýdylýar.

Ylalaşyga Owganystanyň goranmak ministri Abdul Rahim Wardak we NATO-nyň hem Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky güýçleriniň komanduýuşisi, amerikan generaly Jon Allen gol goýdy.
XS
SM
MD
LG