Sepleriň elýeterliligi

Hameneýiniň Obamany öwmeginiň ýorgudy


Eýranyň ýokary dini ýolbaşçysy Aýatolla Ali Hameneýiniň suraty Tährandaky unwersitetiň gapdalyndaky diwaryň ýüzünde, 2012-nji ýylyň 24-nji fewraly.

Eýranyň ýokary dini ýolbaşçysy Aýatolla Ali Hameneýiniň suraty Tährandaky unwersitetiň gapdalyndaky diwaryň ýüzünde, 2012-nji ýylyň 24-nji fewraly.

Eýranyň ýokary dini ýolbaşçysy Aýatolla Ali Hameneýi birini ýa bir zady hemişe öwüp ýören adam däl. Ýöne ol ýaňy amerikan prezidenti Barak Obamanyň şübheli ýadro işleri sebäpli Eýran bilen uruş hakda beýle arkaýyn gürlemezlik barada beren beýanatyna oňaýly baha berdi.

Hameneýi 8-nji martda Bilermenler ýygnagynyň duşuşygynda şeýle diýdi:

—Biz iki gün mundan ozal amerikan prezidentiniň özleriniň Eýran bilen uruşmak barada oýlanmaýandyklaryny aýdanyny eşitdik. Bu gaty gowy zat. Bular pähimli sözler. Bular boş hyýallardan dönmek.

Köplenç dünýäde bolýan ýaramazçylyklara Birleşen Ştatlary jogapkär edýän lideriň bu sözleri onuň Amerika baradaky adaty tankydy ritorikasyna gabat gelmeýär.

Eýranyň ýokary dini ýolbaşçysy Eýrany ýadro programmasyny goýdurmaga mejbur etmek üçin Birleşen Ştatlar we beýleki günbatar döwletleri tarapyndan girizilen sanksiýalaryň hem netije bermejekdigini belledi:

—Obama bu sanksiýalar eýran halkyny dyza çökerer diýdi. Bu bir boş hyýal.

Käbir analitikler bu beýanatlaryň şu wagt berilmeginden çen tutup, muňa Hameneýiniň Waşington bilen bir ylalaşyga gelmeginiň alamaty diýen pikiri ýöredýärler. Beýlekileriň pikiriçe bolsa, Eýranyň özdiýenli edim-gylymynda üýtgän zat ýok.

Ýöne bolýan käbir gymyldylar bar. Eýran ýaňy Birleşen Milletler Gurmasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň 5 hemişelik agzasy, şeýle hem Germaniýa bilen ýadro gepleşikleriniň täze tapgyry hakda ylalaşdy. Bu gepleşikleriň haçan geçiriljeginiň öňümizdäki birnäçe günlükde bildirilmegine garaşylýar.

Hameneýi 2-nji martda bolan parlament saýlawlarynyň Eýranyň duşmanlarynyň ýüzüne "şarpyk" bolup degjekdigini aýdypdy. Ol bu aýdanyny şondan bäri ençeme gezek gaýtalady. Bilermenler geňeşinde hem şeýle diýdi:

—Birleşen Ştatlar Eýran halky bilen olaryň ýolbaşçylarynyň arasyna bölünişik saljak boldy. Ýöne saýlawçylaryň 65 prosentiniň ses bermäge gelmegi halkyň öz ýolbaşçylaryna bolan ynamyny görkezdi.

Analitikleriň garaýşy

Sairakýuz uniwersitetinden syýasy ylymlaryň professory, Eýran boýunça ekspert Merhrzad Boroujerdiniň garaýşyça, saýlawlara köpçüligiň gatnaşmagy, Hameneýiniň kandidatlarynyň gowy netijeler almagy onuň özüne bolan ynamyny artdyrdy:

—Hameneýiniň tarapdarlary saýlawda, şeýle hem, Eýran bilen Amerikanyň we Ysraýylyň arasynda barýan poker oýnunda utuş gazandylar. Hameneýi indi Obamanyň beýanatyny tutaryk edinip, özüniň gepelşikleriň täzeden başlanmagyny ileri tutýandygyny görkezýär. Şeýlelikde bir açylyşyň bolmagy mümkin.

Amerikada ýaşaýan sosiolog Hosseýn Gaziýan bolsa Hameneýiniň gürleýşi oňaýlyrak bolup eşidilse-de, Tähranyň tutumynda üýtgan zat ýok diýen pikirde. Onuň garaýşyça, ýokary dini ýolbaşçynyň beýanaty ýadro meselesinde režimiň hemişeki gürrüňleri bilen ugurdaş:

—Hameneýiniň bu äheňde gürlemegi seýrek bolýan zat. Ýöne onuň adaty diplomatik dile esaslanýan beýanatyndan many aljak bolanyňda, dykgatly bolmak gerek. Hameneýi bu dilde gürlänok.

Hameneýi öz çykyşynda şeýle diýdi:

—Waşingtonyň sanksiýalary Tährany mejbur eder diýip pikir etmegi syýasy taýdan Obamanyň özüne zyýan ýetirer, sebäbi onuň basyş we diplomatiýa netije berer diýip edýän hasap-hesibi ýalňyş bolup çykar.

Gaziýanyň pikiriça, bu öz tutumynda berk durmak bilen eýran režiminiň ýalňyşmandygyny ýurduň öz içindäki halka görkezmek üçin aýdylan zat.

Eýran häkimiýetleri Tähranyň parahatçylykly maksada gönükdirilen uran baýlaşdyrmak işinden asla el üzmejekdigini aýtdylar. Olar Ysraýylyň harby zarba baradaky haýbatyna hem haýbat bilen jogap gaýtardylar.

Eýranyň ýaragly güýçleriniň başlygynyň orunbasary Mohammad Hejazy bolsa ýaňy golaýda Tähranyň abanyp gelýän hüjümiň öňüni almak üçin öňünden hüjüme geçmäge hukuklydygyny aýtdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG