Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda “dinçiler ýanalýar”


Aşgabadyň Aleksandr Newskiý adyndaky prowaslaw hristian kelisesi, 2010-njy ýyl.

Aşgabadyň Aleksandr Newskiý adyndaky prowaslaw hristian kelisesi, 2010-njy ýyl.

Norwegiýada ýerleşýän dini meseleler boýunça “Forum-18” informasiýa agentligi Türkmenistandaky ýagdaý boýunça hasabat ýaýratdy. Maglumatda geçen ýylyň dowamynda ýurtda raýatlaryň dini azatlyklarynyň üpjün edilişine syn edilýär.

Norwegiýada ýerleşýän “Forum-18” täzelikler agentligi öz hasabatynda Türkmenistanyň ynsan hukuklaryny, şol sanda dini azatlyklary dünýä derejesinde iň berk çäklendirýän režimleriň biri bolup galýanlygyny ýazýar.

Agentligiň baş redaktory Feliks Korli Türkmenistandaky ýagdaýa şeýle baha berýär:

—Türkmenistanyň dinçileri “Forum-18” agentligine ýurtda özgerişiň ýokdugyny habar berýärler. Hökümet dini guramalara basyş etmek, dini hereketleriň ähli görnüşlerini çäklendirmek boýunça çärelerini dowam etdirýär, ýurtda liberallyk göze ilmeýär, döwlet ähli dinlere edýän berk gözegçiligini dowam etdirýär.

Nähili basyşlar edilýär?

Din azatlygyndan peýdalanmaga çalyşýan adamlaryň, şol sanda dini ynançlary sebäpli harby gullukdan boýun gaçyrýan raýatlaryň tussag edilýänligi, dinçilere erbet garalyp, olaryň urlup-ýenjilýänligi, tussaglykda saklanýanlaryň dini azatlyklarynyň çäklendirilýänligi, adalatly sud prosesleriň ýetmezçilik edýänligi, dini bileleşikleriň liderleriniň döwletiň gözegçiliginde saklanýanlygy, jyns taýdan diskriminasiýanyň höküm sürýänligi, raýatlaryň dini bilim almak islegleriniň berk çäklendirilýänligi we aýallaryň din taýdan bilim almagynyň gadagan edilýänligi maglumatda aýdylýar.

Şeýle-de “Forum-18” agentligi ýurtda resmi hasaba alynmadyk dini toparlar gadagan edilýärkä, resmi hasaba alynmak isleýän dini jemgyýetleriň hasaba durmak ymtylmalarynyň öňüne böwet basylýanlygyna ünsi çekýär.

Guramanyň baş redaktory Feliks Korli Türkmenistanda dinçileri polisiýa gizlin maglumat beriji hökmünde işe çekmek ýaly synanyşyklaryň, şeýle-de dinçileriň ýurduň daşyna gitmegine gadagançylyk ýaly çäklendirmeleriň raýatlaryň dini azatlygynyň berjaý edilmegine zarba bolýanlygyny belleýär.

Pozitiw ädim öňegidişlikmi?

Feliks Korli Türkmenistanda protestant dindar Ilmyrat Nurlyýewiň boşadylmagynyň pozitiw ädim bolanlygyny belledi. Mary şäherinde protestant ybadathanasyna ýolbaşçylyk eden Nurlyýew 2010-njy ýylyň awgust aýynda dört ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi, 2012-nji ýylyň fewral aýynda ol gunä geçişde boşadyldy.

Emma, Feliks Korliniň pikirine görä, muňa garamazdan, din sebäpli tussag edilen beýleki wyždan ýesirleri türmede saklanýarka, ýurtda dini meseleler bilen bagly öňegidişlik barada aýtmak kyn.

“Forum-18” informasiýa agentligi Türkmenistanyň kanunlarynda kepillendirilýän hak-hukuklaryň iş ýüzünde berjaý edilmeýänligini belleýär. “Forum-18” Türkmenistanda dinçiler babatynda alnyp barylýan çäklendirmelere döwletiň tutuş jemgyýete gözegçilik etmek boýunça alyp barýan çäreleriniň bir bölegi hökmünde garaýar.

15-nji we 16-njy martda Nýu-Ýorkda BMG-niň Adam hukuklary boýunça komiteti Türkmenistanyň “Raýat we syýasy azatlyklar boýunça halkara ylalaşygyny” berjaý edişine baha berer.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG