Sepleriň elýeterliligi

ABŞ owgan öçlüligi barada duýduryş berýär, "Talyban" ar almagy wada berýär


Ýerli ýaşuly adam Kandagarda öldürilen adamlaryň jesetleriniň ýanynda otyr, 2012-nji ýylyň 11-nji marty.

Ýerli ýaşuly adam Kandagarda öldürilen adamlaryň jesetleriniň ýanynda otyr, 2012-nji ýylyň 11-nji marty.

Owganystanda NATO-nyň garamagyndaky güýçler hüşgär ýagdaýa getirildi. Ýekşenbe güni bir amerikan esgeri parahat ilatdan 16 adamy atyp öldürenden soň, “Talyban” ar almagy wada berdi.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaýa jaň edip, ýekşenbe güni amerikan esgeriniň parahat ilatdan 16 adamy atyp öldürmegi bilen baglanyşykly wakanyň özünde “erbet täsir” galdyranlygyny we “örän gynandyranlygyny” aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu hadysa ABŞ-nyň owgan halkyna goýýan hormatyna zeper ýetirýär.

Hamid Karzaý Kandagar welaýatynda bolan ok atyşygy “adamlaryň janyna bilkastlaýyn edilen hüjüm” diýip atlandyrdy we NATO-dan düşündiriş talap etdi.

ABŞ-nyň goranmak ministri Leon Panetta bu wakany derňemek boýunça ähli çäreleriň görülýänligini aýdyp, Karzaýy telefon arkaly köşeşdirmäge çalyşdy.

Habar berilişine görä, ştatdaky seržant harby derejesine eýe bolan, emma ady agzalmadyk amerikan esgeri ýekşenbe güni daňdan öz harby bölüminden çykyp, ýerli ýaşaýjylary öldürmek maksady bilen Kandagaryň Panjwaý etrabynyň Alekozai obasyna barypdyr.

Onuň atyp oldüren pidalarynyň arasynda 9 sany çaga we 3 aýal bar.

Derňew geçirilýär

Ok atylyşyk bolan Alekozai obasynyň ýaşaýjysy, ol esgeriň üç sany jaýa baryp, ok atanlygyny “Associated Press” agentliginiň habarçysyna aýtdy. Oba ýaşaýjysy Abdul Baki bu wakanyň ýary gije bolanlygyny gürrüň berdi:

—Men ok atylyşynyň sesini eşitdim, soň ümsümlik boldy, soň ýene-de ok atyldy.

Amerikan esglerleri Kandagaryň Panjwaý etrabyndaky harby bazada, 11-nji mart.

Amerikan esglerleri Kandagaryň Panjwaý etrabyndaky harby bazada, 11-nji mart.

NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara howpsuzlygy boýunça ýardam beriji güýçler “Kandagar welaýatynda owgan raýatlarynyň heläk bolmagyna sebäpkär esgeriň tussag astyna alnandygyny” aýdýar.

NATO-nyň Owganystandaky güýçleriniň başlygynyň orunbasary general-leýtenant Adrian Bradşaw ýekşenbe günki pajygaly waka üçin ötünç sorady. Ol öz resmi beýannamasynda “Kandagar welaýatynda Koalisiýanyň agzasy bolan bir esgeriň amala aşyran hereketleri üçin men çüňňur gynanç we aladalanma bildirmek isleýärin” diýdi.

Bradşaw şeýle rehimsiz hereketiň sebäplerini düşündirip bilmeýänligini hem aýtdy. Emma ol munuň Halkara howsuzlygyna ýardam beriji güýçleriň alyp barýan harby çäreleriniň bölegi bolmanlygyny belledi.

Halkara howpsuzlygyna ýardam beriji güýçleriň resmi wekili general Karsten Ýakobsen Kandagaryň Panjwai etrabynyň käbir ýaşaýjylarynyň adam heläkçiligine getiren bu hadysa bir däl-de, has köp amerikan esgeriniň gatnaşanlygy baradaky gürrüňlerini ret etdi.

Ýakobsen “Öňdebaryjy operatiw bazany” diňe bir esgeriň terk edenligini, onuň goňşy obada ot açyp, bigünä parahat ýaşaýjylary öldürenligini aýtdy.

General Karsten Ýakobseniň sözlerine görä, bu esger harby bölümine gaýdyp baransoň, tussag edilipdir. Häzir ol tussaglykda saklanýar we onuň işi boýunça derňew geçirilýär.

Reaksiýalar

BMG-niň Owganystandaky Ýardam beriji missiýasy adam heläkçiligine sebäp bolan wakanyň derňewleriniň gidişi barada jemgyýete doly habar berilmegine garaşýanlygyny aýtdy.

Kabuldaky amerikan ilçihanasy amerika garşy çykyşlaryň we hüjümleriň ýüze çykmagynyň ähtimaldygyny duýdurdy we öz Kandagardaky raýatlaryna hem syýahatçylaryna seresaplylyga ündedi.

Welaýatyň ýaşaýjylary adam öldürmeleriň garşysyna protest bildirip, amerikan bazasynyň golaýynda jemlendiler.

“Talyban” hereketi bolsa amerikan esgerlerini “ruhy nähoşlar” diýip atlandyrdy we gyrgynçylyklar üçin ar almagy wada berdi.

“Talyban” gozgalaňçylaryna garşy göreşde Owganystanyň hökümetine ýardam berýän Halkara Harby Güýçleriň parahat ýaşaýjylaryň arasyndaky adam heläkçiliklerine sebäp bolmagy Kabulyň günbatarly ýaranlary bilen özara gapma-garşylyklarynyň esasy çeşmesi bolup durýar.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama telefon arkaly Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý bilen gürleşýär, Merilend, 11-nji mart.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama telefon arkaly Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý bilen gürleşýär, Merilend, 11-nji mart.

​Soňky pajygaly waka ABŞ-nyň we Owganystanyň hökümetleriniň özara täze strategik ylalaşyga golaýlaşan döwrüne gabat geldi. Bu ylalaşyk Owganystanda amerikan güýçleriniň 2014-nji ýyldan soň uzak möhletleýin galmagyny göz öňünde tutýar.

Owgan parlamentiniň agzasy Şagül Rezai soňky ok atyşygyň gepleşiklere ýaramaz täsir ýetirip biljegini aýtdy:

—Bu hadysa ýaramaz täsir ýetirip biler we ýerli ýaşaýjylar bilen koalision güýçleriň arasyndaky ynamsyzlygy güýçlendirip biler. Bu bolsa ABŞ bilen Owganystanyň arasyndaky strategik partnýorlyk ylalaşygy boýunça ýetip gelýän gepleşiklere hem ýaramaz täsir eder.

Owganystanyň parlamenti ABŞ-dan jenaýatkärleri jezalandyrmagy we açyk sud prosesini geçirmegi talap etdi.

Ýekşenbe günündäki hüjüm Owganystanda amerika garşy çykyşlary güýçlendiren nobatdaky waka boldy. Üç hepde mundan ozal Kabuldan demirgazykda ýerleşýän Bagram howa meýdançasynda Gurhanyň oda ýakylmagy ýurtda güýçli protestleriň tutaşmagyna sebäp bolupdy we netijede azyndan 30 adam öldürilipdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG