Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow Ukraina sapar edýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni üç günlük sapar bilen Ukraina barýar. Tebigy gaz meselesi gepleşikleriň esasy temasy bolar.

Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça birnäçe ylalaşyga gol goýmak üçin, Berdimuhamedowyň öz ukrain kärdeşi Wiktor Ýanukowiç bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Esasy mesele Ukrainanyň Türkmenistandan tebigy gazy satyn almagy bolup durýar. Geçen ýyl Wiktor Ýanukowiç Türkmenistana eden saparynda bu meseläni maslahat edipdi.

Häzir Ukraina Orsýetden 1000 kub metr gazy 416 amerikan dollaryndan satyn alýar. Şol bir wagtda, ukrain resmileri 1000 kub metr türkmen gazyny 200 amerikan dollaryndan satyn almaga umyt baglaýarlar. Ýöne bu iki ýurduň tranzit ýoly diňe Orsýetiň üstünden geçýär.

Berdimuhamedowyň bu sapary türkmen lideriniň soňky onýyllykda Ukraina edýän ilkinji sapary bolup durýar.
XS
SM
MD
LG