Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Homsda onlarça adamyň öldürilendigi habar berilýär


Siriýanyň Homs welaýatynda parahat ilatdan onlarça adamyň öldürilendigi habar berilýär. Olaryň aglabasynyň aýallar we çagalardygy aýdylýar.

Režime garşy bir ýyl bäri dowam edýän protestleri basyp ýatyrmakda häzir 50 töweregi adamyň “gyrgyna” berilmeginde aktiwistler Siriýanyň režimini aýypladylar.

Siriýanyň döwlet telekanaly bu gyrgynçylykda “ýaraglanan terrorçy topary” aýyplady we olaryň howpsuzlyk güýçlerini ynamdan gaçyrmaklygy maksat edinendiklerini tekrarlady.

Siriýanyň içinden maglumat almaklygyň çäkli bolanlygy sebäpli, bu aýdylýanlaryň hiç birini hem garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklatmak başartmady.

Gandöküşlik baradaky bu maglumatlar BMG-niň we Arap Ligasynyň Siriýa boýunça wekili Kofi Annan Damasky terk edenden soň ýüz berdi.

Annanyň Siriýa eden saparynda ot açyşlygy bes etmek barada Siriýanyň režimi bilen ylalaşyga gelmek başartmady.

BMG-niň maglumatyna görä, Siriýada geçen bir ýylyň dowamyndaky bidüzgünçiliklerde 7,500-den gowrak adam ölüpdir. Başga maglumatlarda ölenleriň sanynyň has köpdügi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG