Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň ozalky Döwlet sekretary Kissinjer Putini “patriot” diýip atlandyrdy


ABŞ-nyň ozalky Döwlet sekretary Henri Kissinjer ýekşenbe güni CNN telekanalyna beren interwýusynda Orsýetiň täze saýlanan prezidenti Wladimir Putini “patriot” diýip atlandyrdy, şol bir wagtyň özünde-de, onuň Günbatara ýa-da Amerika garşy durmaýandygyny aýtdy.

Kissinjer Putiniň “ilki bilen watançydygyny, şeýle hem onuň karýerasynyň ilkinji döwri bolan 1990-njy ýyllaryň tejribesinden özüni kemsidilen hasaplaýandygyny” belledi.

Kissinjer Putiniň “Orsýetiň içerki işlerine goşulyşmak diýip hasaplaýan meseleleri boýunça örän kineçildigini” aýdyp, Putiniň “özüni häkimiýetden agdarmak üçin onuň syýasy opponentlerini goldamak baradaky käbir amerikan tendensiýalary” diýen düşünjesini muňa mysal hökmünde görkezdi.

ABŞ-nyň ozalky Döwlet sekretary Kissinjer Wladimir Putiniň käbir meseleler boýunça ABŞ-nyň konstruktiw hyzmatdaşy bolup biljekdigini belledi.
XS
SM
MD
LG