Sepleriň elýeterliligi

Sarkozi Fransiýany Şengenden çykarmak barada duýduryş berýär


Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi ýekşenbe güni eden çykyşynda Ýewropa Bileleşigi bikanun immigrasiýanyň öňüni almakda öňegidişligi gazanmasa, Fransiýany Şengen zolagyndan çykarjakdygyny aýtdy.

Häzir Sarkozi prezidentliginiň ikinji möhletine dalaş edýär. Ol saýlaw kampaniýasynyň çäginde Parižiň eteginde öz tarapdarlarynyň öňünde eden çykyşynda Ýewropanyň migrasiýany gözegçilikde saklaýyş sistemasynda düýpli reformalaryň geçirilmelidigini aýtdy.

—Biz Ýewropanyň daşky serhetlerindäki ýetmezçilikleriniň täsirine çydamlylyk edip bilmeris—diýip Sarkozi belledi.

Sarkozi ÝB-niň migrasiýa boýunça kanunçylygynyň reformalaşdyrylmagynyň "Ýewropanyň şowsuzlyga uçramagynyň öňüni almakda ýeke täk çykalgadygyny" sözüne goşdy.

— Adamlara biziň territoriýamyza girmäge rugsat bermeklik özbaşdak döwletiň syýasy erki bilen amala aşyrylmaly. Biz ýewrozonanyň ykdysady hökümetiniň bolşy ýaly, Şengeniň hem syýasy hökümetiniň bolmagyny zerur hasaplaýarys—diýip, Sarkozi aýtdy.

Migrasiýa meselesi Sarkoziniň häzirki saýlaw kampaniýasynda galdyrýan esasy meseleleriniň biri bolup durýar.

Fransiýada prezidentlik saýlawlary 22-nji aprelde geçiriler.
XS
SM
MD
LG