Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Merkezi Aziýadaky “uly jogapkärçilikleri” owgan çekilişinden soň hem dowam eder


ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Robert Bleýk
ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Robert Bleýk
Owganystanda Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky harby missiýanyň dowam etmegi bilen Merkezi Aziýa sebiti Waşingtonyň daşary syýasatynda möhüm orny eýeledi. 2014-nji ýylda Halkara güýçleri Owganystandan çykarylandan soň ýagdaýlar haýsy ugra özgerer, şeýle-de Amerikanyň regiondaky orny nähili bolar?

Azatlyk Radiosy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Robert Bleýk bilen söhbetdeş bolup, Amerikanyň Merkezi Aziýa boýunça alyp barýan syýasaty we beýleki meseleler boýunça gürrüň etdi.

Azatlyk Radiosy: Käbir tankytçylar Merkezi Aziýanyň täze strategiki ähmiýetiniň ABŞ-nyň bu sebitde adam hukuklarynyň hormatlanylmagy baradaky aladalaryna negatiw täsir ýetirendigini aýdýarlar. 25-nji ýanwarda Jons Hopkins Uniwersitetinde eden çykyşyňyzda muňa şeýle jogap berdiňiz: “Biz Merkezi Aziýadaky jogapkärçiliklerimize özgerýän howpsuzlyk aragatnaşyklary bilen adam hukuklary ýaly esasy gymmatlyklaryň arasyndaky seçip alyş hökmünde garamaýarys. Bularyň biri boýunça gazanylan öňegidişlik beýleki biri boýunça hem öňegidişlik gazanmaga ýardam berýär ýa-da itergi berýär”. Siziň pikiriňizçe, regiondaky howpsuzyk boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlyk sebitdäki adam hukuklarynyň ýagdaýyna täsirini ýetirýärmi?

Robert Bleýk: Bu ýerde meniň bir zady nygtap geçesim gelýär. Amerikanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisi bilen alyp barýan hyzmatdaşlygy iki tarapyň arasyndaky ynamy we ygtybarlylygy artdyrdy. Biziň özara hyzmatdaşlygymyz diňe bir howpsuzlyk meseleleri ýa-da “Demirgazyk üpjünçilik marşruty” bilen çäklenmän, eýsem has giň häsiýete eýedir. Hawa, käbir ýagdaýlarda adam hukuklarynyň bökdençligi boýunça belli bir kynçylyklar boldy, ýöne men bulary çendenaşa ulaltmak islemeýärin.

Meniň pikirimçe, Merkezi Aziýa döwletleri, dürli derejede bolsa-da, Owganystandaky ýagdaýlar babatynda aladalanýan bolmaly. Esasy alada bolsa bu regionda yslamçylygyň täsiriniň artmagy bilen bagly. Şol sebäpli-de bu döwletler öz sistemalaryny biziň umyt edişimiz ýaly derejede açyp hem duranoklar.

Ýöne, her niçigem bolsa, häzir Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bilelikdäki borçlulygymyzyň artmagy bu meseleler boýunça hem özara dialogy gowulandyrdy. Biz gepleşikleriň dowamynda bu meseleleri juda açyk görnüşde gozgaýarys. Ýagny, biz has köp dini azatlyklaryň üpjün edilmegi, azat metbugata ýol berilmegi ýaly işleriň olaryň diňe bähbidine boljakdygyny düşündirýäris. Meniň pikirimçe, ýurtda adam azatlyklarynyň çäklendirilmegi, aslynda, şol ýurtlardaky durnuklylyga howp salýar.

Ulaldyp aýtmak islämok. Adam hukuklary meselesi boýunça uly bir özgerişlik ýok. Tersine, ynsan hukuklary boýunça yzagaýtmalar hem boldy. Şunlukda, sebitdäki ähli ýurtlar bilen alyp barýan gepleşiklerimizde bu esasy meseleleriň biridir.
Biz Merkezi Aziýa ýurtlary bilen adam gaçakçylygy meselesi boýunça has köp iş alyp bardyk. Bu ugur boýunça Täjigistanda uly öňegidişlikleri gazanmak başartdy, bu ýurt [ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň] “Tier 2” gözegçilik sanawyndan "Tier 2” hyzmatdaş ýurtlaryň sanawyna geçirildi. Bu anyk mesele boýunça Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlary bilen işleşýäris. Meniň çakymça, Özbegistanda birnäçe dissident hem tussaglykdan azat edildi. Biz özbek hökümeti bilen gepleşiklerde şol adamlar barada açyk nygtap geçipdik.

Netijede şuňa meňzeş mysallar boldy. Ýöne ulaldyp aýtmak islämok. Adam hukuklary meselesi boýunça uly bir özgerişlik ýok. Tersine, ynsan hukuklary boýunça yzagaýtmalar hem boldy. Şunlukda, sebitdäki ähli ýurtlar bilen alyp barýan gepleşiklerimizde bu esasy meseleleriň biridir.

Azatlyk Radiosy: Häzir Merkezi Aziýada köpler bir zat barada oýlanýar: Halkara güýçleri 2014-nji ýylda Owganystandan çekilensoň, Waşingtonyň Merkezi Aziýadaky orny nähili bolar? Siz bu barada gürrüň berseňiz?

Robert Bleýk: Iki ýyl öňünden bir zatlary çaklamak, elbetde, birneme wehimli. Ýöne bir zady anyk aýdyp biljek: ABŞ Merkezi Aziýa sebitine bolan ünsüni güýçlendirmegi dowam etdirer. Biz Owganystan babatynda hem ünsümizi peseltmeris.

Bilýäňizmi, bärde bir düşünişmezlik bar. Hamana, 2014-nji ýylda Amerikanyň goşunlary Owganystandan çykarylansoň, Waşington Owganystandan ýüz öwürjek ýaly görülýär. Munuň hakykat bilen hiç hili ilteşigi ýok. ABŞ Owganystan bilen özara hyzmatdaşlygy, aýratyn-da ykdysady pudakdaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdirer. Ol ýerde az möçberde Amerikanyň goşuny-da bolar. Bu türgenleşikleri geçirmek we terrorizme garşy göreşe hemaýat bermek üçin edilýär. Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary häzir owgan hökümeti bilen maslahat edilýär.

Edil şolar ýaly, biz Merkezi Aziýadaky ýurtlaryň ählisi bilen bilelikde işleşip, uly jogapkärçiliklere ygrarly bolup galmagy dowam etdireris. Sebäbi bu sebitde durnuklylygy, ykdasady mümkinçilikleri görmek we regional integrasiýa prosesinde bu sebitiň çynlakaý tagalla edýändigini duýmak biziň üçin juda möhüm. Meniň pikirimçe, häzir bu ugurda uly mümkinçilikler bar. Biz ýaňy bir bu prosese girişip başladyk. Bu 2014-nji ýyldan soňra-da dowam etdiriler.

Azatlyk Radiosy: 2014-nji ýylda Owganystandan Halkara güýçleri çykarylandan soň, Merkezi Aziýa üçin iň uly howp-hatarlar nämelerden ybarat? Region bulardan baş alyp çykmaga taýýarmy?

Robert Bleýk: Ýaňky aýdyşym ýaly, 2014-nji ýyldan soň nämeleriň boljakdygyny çaklap oturmakçy däl. Biz bilemzok. Ýöne biz, elbetde, Owganystanda häzirki juda möhüm howpsuzlyk geçişine goldaw bermek üçin elimizden gelen ähli zady edýäris. Ýaňy hem belläp geçişim ýaly, regional gatnaşyklar arkaly, şeýle hem region boýunça şu öňdengörüjilige çyny bilen ynanýan we Owganystandaky durnuklylyga goşant goşmak isleýän merkezi aziýaly dostlarymyz bilen ýakyndan işleşip, bu ýurtda hususy pudagy döretmek hem edil şol derejede möhüm.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan barada gürrüň etsek, bilşimiz ýaly, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow fewral aýynda geçirilen saýlawlarda sesleriň 97% çemesini alyp, ýeňiş gazandy. ABŞ-nyň bu saýlawlara reaksiýasy nähili? Siziň pikiriňizçe, Türkmenistandan syýasy özgerişliklere garaşyp bilerismi?

Robert Bleýk: Bilýäňizmi, saýlawlara başga-da birnäçe kandidatyň gatnaşmagynyň özi eýýäm gowy zat. Ýöne, meniň pikirimçe, bu ýerde hakyky bäsleşik bolmady. Meniň bilşime görä, hödürlenen kandidatlaryň köpüsini prezidentiň özi oňlady. Onsoň men bu demokratiýa tarap uly ädim boldy diýip aýdyp biljek däl.

[Türkmenistan babatynda] men saýlawlaryň täze bir uly özgerişlik bolandygyny aýdyp biljek däl, ýok.
Ýöne biz Türkmenistanyň, şol sanda Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleriniň hem bäsleşikli demokratik praktikalara amal etmegi boýunça tagalla edýäris. Bu ugur boýunça Gazagystanda käbir öňegidişlikler bar. Häzir gazak parlamentine başga partiýalar-da wekilçilik edýär. Bu, elbetde, goldanylýar. Ýöne Gazagystanda geçirilen parlament saýlawlary boýunça-da ÝHHG köp soraglary galdyrdy.

Proses tapgyrlaýyn geçer. Ýöne, biziň pikirimizçe, özgerişlikleriň bolmagynyň özi juda we juda möhüm, hökümetleriň özgerişlikleriň boljakdygyny öz halklaryna äşgär etmegi hem şol derejede möhüm. Ýöne [Türkmenistan babatynda] men saýlawlaryň täze bir uly özgerişlik bolandygyny aýdyp biljek däl, ýok.

Azatlyk Radiosy: Ahyrky soragym, siz Orsýetde täze saýlanan prezident Wladimir Putiniň “Ýewraziýa Bileleşigi” barada öňe süren pikirine nähili garaýarsyňyz? Ol “Izwestiýa” gazetinde çap edilen makalasynda bu bileleşikde “regional önümçilik spesializasiýasy boýunça ösen sistemanyň, şeýle hem dil, ylym we medeniýet boýunça umumylygyň” bolmalydgyny ýazdy, ýagny Sowet Soýuzyndan üýtgeşik däl. Köpler muny Moskwanyň täsirini artdyrmak boýunça synanyşyk diýip häsiýetlendirýärler. Siz nähili pikirde?

Robert Bleýk: Birinjiden, häzire çenli “Ýewraziýa Bileleşigi” ugrunda edilen anyk işler juda az. Onsoň Orsýetiň muňa näderejede çynlakaý çemeleşýändigini aýtmak kyn. Biziň üçin esasy zat, näme ediljek bolýan bolsa-da, olaryň çetleşdirme zolagyny döretjek bolmazlygyna göz ýetirmek. Biziň pikirimizçe, ykdysady integrasiýany we regional ykdysady integrasiýany, şeýle-de söwda mümkinçiliklerini döretjek söwda ýollarynyň döredilmegini gazanmak gerek. Bu Merkezi Aziýa ýurtlarynyň öz arasynda, şeýle-de, olaryň goňşy hyzmatdaşlarynyň arasynda döredilmeli. Esasan hem Günorta bilen – Hindistan bilen, sebäbi ol geljek 50 ýylyň dowamynda region üçin uly bazar bolar.

Regiondaky liderleriň we ykdysadyýetleriň köpüsi regiona hakyky mümkinçilikleriň meýdany hökmünde garaýarlar. Şonuň üçinem regional söwda mümkinçilikleriniň islendik bir ugrunyň “Ýewraziýa Bileleşigine” daňylyp galmagy olaryň bähbidine däl. Munuň tersine, biz bu söwda ýollaryny we mümkinçiliklerini açyk goýmaly. Biziň Orsýetdäki dostlarymyza we regiondaky beýlekileriň ählisine hem ýetirýänimiz, elbetde, şundan ybarat.
XS
SM
MD
LG