Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanly eneleriň durmuş şertleri


Ýakynda Türkmenistan aýal-gyzlaryň halkara gününi belledi. Resmi habarlarda ýurtda aýal-gyzlaryň, eneleriň bagtly durmuşy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi bellendi.

Türkmen metbugaty aýal-gyzlaryň halkara baýramy bilen prezident Gurbanguly Berdimuhammedowyň watandaşlaryna ýüzlenmesini çap etdi.

—Şu günki gün döwlet watandaş aýal-gyzlarymyza erkin durmuşy we döredijilikli zähmeti üçin, bilim almagy, hünäre eýe bolmagy, häzirki zamanyň talaplaryna laýyk çagalary terbiýelemegi üçin ähli şertleri döredýär.

Aýallar türkmen jemgyýetiniň syýasy, ykdysady, sosial we medeni durmuşynda göze görnüp duran derejede rol oýnaýar, olar ýurduň ministrliklerinde we edaralarynda, saglygy saklaýyş, bilim sistemalarynda, ylym, medeniýet we milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýärler—diýip, Berdimuhamedow aýal-gyzlara ýüzlenmesinde ýazdy.

Türkmenistanly eneleriň gündelik durmuş şertleri gutlagda aýdylyşy ýalymy? Türkmenistanda eneler, çagalar bilen bagly çözülmesi wajyp nähili meseler bar? “Tegelek stol” programmasynyň bu gezekki goýberilişinde şu hem beýleki meselleriň üstünde durlup geçilýär.

XS
SM
MD
LG