Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Siriýa bilen harby hyzmatdaşlygyny togtatmaz


Orsýetiň Goranmak resmisiniň sözlerine görä, Moskwa Damask bilen harby hyzmatdaşlygyny togtatmaz. Bu Günbatar döwletleriniň, prezident Başar al-Assadyň režime garşy gozgalaňçylara garşy zorluklary artýan wagtynda, Orsýetiň Siriýa ýarag satmagyny togtatmagyna çagyryş edýän pursadynda aýdyldy.

Orsýetiň Goranmak ministriniň orunbasary Anatoliý Antonowyň sözlerine görä, Moskwa Damaska ýarag satmak baradaky şertnamalaryna hormat goýýar.

Adam hukuklary boýunça halkara “Human Rights Watch” guramasy Siriýanyň güýçlerini ýurduň Liwan we Türkiýe bilen serhetleriniň golaýyna minalary ýerleşdirenlikde aýyplady. Şol ýollary Siriýadaky uruşlardan gaçýan bosgunlar ulanýarlar.

“Human Rights Watch” guramasy siriýaly güýçleriň ulanýan minalarynyň öňki Sowet Soýuzynyň we Orsýetiň önümidigine ynanýar.

BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary derejeli edarasynyň maglumatyna görä, bir ýyl mundan öň Siriýada oppozisiýanyň protestleri başlany bäri 230 müň çemesi siriýaly öýüni terk edipdir.
XS
SM
MD
LG