Sepleriň elýeterliligi

Özbegistan ŞHG-niň harby türgenleşigine gatnaşmaz


12-nji martda Täjigistanyň Goranmak ministrliginiň Azatlyk Radiosyna beren habaryna görä, Özbegistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň iýun aýynda geçiriljek “Parahatçylyk missiýasy – 2012” atly harby türgenleşiklerine esgerlerini ýollamaz.

Täjigistanyň Goranmak ministrliginiň metbugat wekili Faridun Mahmadaliýewiň aýtmagyna görä, Täjigistanyň demirgazygynda geçiriljek harby türgenleşiklere Özbegistanyň gatnaşmajakdygy Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň harby resmileriniň geçen hepde geçirilen maslahatynda tassyklanypdyr.

Özbegistan öň hem Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň harby türgenleşiklerine esgerlerini ýollamandy.
XS
SM
MD
LG