Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran bilen Azerbaýjan özara dartgynlylygy gowşatmaga synanyşýar


Eýran bilen Azerbaýjan gowy goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklamagy wadalaşdylar. Bu barada 13-nji martda, Azerbaýjanyň goranmak ministri Safar Abiýewiň Eýrana saparynyň ikinji güni habar berildi.

Eýranyň resmi “IRNA” habar agentligi prezident Mahmud Ahmedinejada salgylanyp, onuň “iki ýurduň gatnaşyklaryna hiç wagt zeper ýetmez” diýendigini habar berýär.

12-nji martda Azerbaýjanyň goranmak ministri Abiýew Eýrana hüjüm üçin azeri topragynyň ulanylmagyna hiç wagt ýol berilmez diýdi.

Geçen aý Azerbaýjanyň Ysraýyldan 1,6 milliard amerikan dollaryna barabar ýarag satyn alandygy baradaky habarlar ýaýrandan soň iki ýurduň gatnaşyklaryna sowuklyk aralaşypdy.

Şu ýylyň fewralynda Eýran Azerbaýjany Ysraýylyň içalylaryna öz topragyny ulanmagyna rugsat berýänlikde aýyplady.

Azerbaýjan bolsa ençeme adamy tussag edip, olaryň Eýran bilen gatnaşyklydygyny we Azerbaýjana garşy hüjümleri planlaşdyrandyklaryny aýdypdy.
XS
SM
MD
LG