Sepleriň elýeterliligi

Tatarystanda sekiz polisiýa işgäri wezipesinden boşadyldy


13-nji martda Tatarystanyň içeri Işler ministri polisiýanyň izolýatorynda gynalandan soň ölendigi aýdylýan Sergeý Nazarowyň ölümine gatnaşygy barlykda aýyplanýan ýene üç polisiýa ofiserini wezipesinden boşatdy.

Tatarystanyň içeri işler ministri Asgat Safarow Kazandaky “Dalniý” polisiýa merkezinden häzire çenli sekiz ofiseri işinden boşatdy.

Sergeý Nazarow geçen hepde keselhanada aradan çykdy.

Polisiýa 52 ýaşly Nazarowy huligançylykda aýyplap, 9-njy martda tussag etdi. Soňra ony deslapky tussag bölüminden keselhana geçirdiler.

Nazarow keselhanada aradan çykmazdan öň lukmanlara polisiýanyň özüni rehimsiz urup-ýenjendigini aýdypdyr.

Adam hukuklaryny goraýjylar bu mesele bilen bagly Tatarystanyň içeri işler ministrini wezipesinden çekilmäge çagyrdylar.
XS
SM
MD
LG