Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda resmi delegasiýa edilen hüjümde bir esger öldi


Owgan resmileriniň aýtmaklaryna görä, gozgalaňçylardygy güman edilýänler günortadaky iki obanyň birine sapar edýän hökümet delegasiýasyna ot açanda bir esger ölüpdir. 11-nji martda şol obalarda amerikan esgeri asuda ilatdan 16 adamy atyp öldüripdi.

Kandagar welaýatynyň polisiýasynyň ofiseri, general Abdul Razakyň sözlerine görä, 13-nji martda öldürilen esger Balandi obasyna sapar edýän hökümet delegasiýasynyň howpsuzlygyny üpjün etmäge gatnaşýan eken. Ol başga-da bir esgeriň we harby prokuroryň ýaralanandygyny aýdýar.

Düzüminde prezident Hamid Karzaýyň iki dogany we ýokary derejeli resmiler bolan hökümet delegasiýasy amerikan esgeriniň elinden ölenleriň jynazasyna gatnaşdy.

Prezidentiň doganlarynyň biri Kaýum Karzaýyň sözlerine görä, delegasiýa howpsuz ýagdaýda Kandagar şäherine dolanypdyr.

Prezident Karzaý 11-nji martda Kandagarda öldürilenleriň arasynda 9 çagadyny we 3 aýalyň hem bardygyny aýdýar.

13-nji martda ýüzlerçe studentler Jelalabad şäherinde ýöriş geçirdiler we amerikan esgeriniň asuda ýaşaýjylary öldürmegine protest bildirdiler.
XS
SM
MD
LG