Sepleriň elýeterliligi

Sarkozi Fransiýany Şengenden çykarmak barada duýdurdy


Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi

Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi

Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi ýekşenbe güni eden çykyşynda Ýewropa Bileleşigi bikanun immigrasiýanyň öňüni almakda öňegidişligi gazanmasa, Fransiýany Şengen zolagyndan çykarjakdygyny aýtdy.

Häzir Sarkozi prezidentliginiň ikinji möhletine dalaş edýär. Ol saýlaw kampaniýasynyň çäginde Parižiň eteginde öz tarapdarlarynyň öňünde eden çykyşynda Ýewropanyň migrasiýany gözegçilikde saklaýyş sistemasynda düýpli reformalaryň geçirilmelidigini aýtdy.

—Biz Ýewropanyň daşky serhetlerindäki ýetmezçilikleriniň täsirine çydamlylyk edip bilmeris—diýip Sarkozi belledi.

Sarkozi ÝB-niň migrasiýa boýunça kanunçylygynyň reformalaşdyrylmagynyň "Ýewropanyň şowsuzlyga uçramagynyň öňüni almakda ýeke täk çykalgadygyny" sözüne goşdy.

—Häzir Şengen şertnamasy ýagdaýa jogap bermäge bize mümkinçilik bermeýär. Oňa täzeden garamaly. Biz häzir ýewro babatynda tagalla edişimiz ýaly, Şengen boýunça hem reforma geçirmeli bolarys. Biz migrantlar akymyny dolandyrmakda tehnokratlara we sudlara bil baglap bilmeris— diýip Sarkozi aýtdy we sözüni şeýle dowam etdirdi:

— Adamlara biziň territoriýamyza girmäge rugsat bermeklik özbaşdak döwletiň syýasy erki bilen amala aşyrylmaly. Biz ýewrozonanyň ykdysady hökümetiniň bolşy ýaly, Şengeniň hem syýasy hökümetiniň bolmagyny zerur hasaplaýarys.

Migrasiýa meselesi Sarkoziniň häzirki saýlaw kampaniýasynda galdyrýan esasy meseleleriniň biri bolup durýar.

Ýewropa Bileleşiginiň adalat we içeri işler komissary Sesilia Malmstroem

Ýewropa Bileleşiginiň adalat we içeri işler komissary Sesilia Malmstroem

Fransuz prezidenti Nikolýa Sarkoziniň Şengen şertnamasy barada aýdanlaryna jogap edip, 12-nji martda Brýusselde geçirilen metbugat konferensiýasynda Ýewropa Bileleşiginiň adalat we içeri işler komissary Sesilia Malmstroem “adatça agza döwletleriň saýlaw kampaniýasy boýunça Ýewropa Komissiýasynyň kommentariý bermeýändigini” aýdyp, Sarkoziniň bu çykyşy barada şeýle diýdi:

—Häzir Ýewropa Geňeşi we ähli agza döwletler tarapyndan sentýabr aýynda Ýewropa Komissiýasyna hödürlenen teklipler boýunça gepleşikler geçirilýär. Bu gepleşiklerde baha bermek sistemasyny güýçlendirmek, Şengen zolagynda ynama girmäge synanyşyga ýardam bermek hem-de erkin hereketi goldamak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu gepleşikler Geňeşiň we Ýewropa Parlamentiniň arasynda yzygiderli alnyp barylýar. Bu ugurda, öňegidişlikler bilen bir hatarda, çözülmeli möhüm meseleler hem bar.

Sesilia Malmstroem Şengen meselesiniň şertnamanyň bir bölegidigini aýdyp, Şengen boýunça islendik üýtgetmäniň şertnamada hem üýtgedilmegini talap edýändigini sözüne goşdy.

Fransiýada prezidentlik saýlawlary 22-nji aprelde geçirilýär.
XS
SM
MD
LG