Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda gijeki durmuş


Aşgabadyň özgerip barýan gijeki durmuşynyň öňüne böwet basmak o diýen aňsat bolmajak ýaly.

Aşgabadyň özgerip barýan gijeki durmuşynyň öňüne böwet basmak o diýen aňsat bolmajak ýaly.

Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän bir kafeniň esasy aýratynlygy – onuň 23.00-da başlaýan ýurtda yglan edilmedik “komendant sagady” dowam edýän wagty hem açyk bolmagy. Bu gadagançylyga garamazdan, onuň muşderileriniň sany hem az däl, gije işlemek üçin onuň şertlerem amatly.

Ýarympodwal jaýda ýerleşýän kafeniň daşyndan onuň diňe girelgesi görünýär. Bir gezek seredeniňde kafeniň işleýändigini bilmek kyn, emma hakykatda ol diňe kafe däl, Aşgabadyň gijesine diskoteka öwrülýän iň köp adamly güýmenje merkezlerinden biri.

—Biziň müşderilerimiz 18-25 ýaş aralygyndaky ýaşlar. 30 ýaşa ýetenler hem bar. Emma olar az. Kafemiziň müşderileriniň aglabasy gurply adamlar bolansoň, gijeki kafedäki bahalaryň gündizdäkiden esseläp ýokary bolmagy müşderilerimiziň sanyna o diýen täsirini ýetirenok—diýip, kafeniň özüni Mekan diýip tanadan işgärlerinden biri özara söhbetdeşlikde aýtdy.

Bu kafe Aşgabadyň üýtgäp barýan gijeki durmuşyny suratlandyrýan alamatlardan diňe biri. Ondan başga-da soňky döwürlerde paýtagtda gurlan uly myhmanhanalaryň diskotekalaryna gatnaýan ýaşlaram az däl. Hatda şol güýmenje ýerlerine gatnaýanlaryň arasynda soňky döwürlerde ýaş gelin-gyzlaram görmek mümkin.

“Çyraçylar”

Diskotekler bilen bir hatarda ýaşlaryň gijeki güýmenjelerinden biri hem daşary ýurtlarda “street race” diýlip atlandyrylýan “çyraçylar” bolup, şol güýmenje umuman ýiti yşykly awtoulaglaryň arasynda köçelerde geçirilýän ýaryşlardan ybaratdyr.

Bu ýaryşlar paýtagt Aşgabadyň köçelerinde Orsýetiň “WAZ” awtozawodynyň awtoulaglarynda bikanun gurnalýardy we 2010-njy ýylda “çyraçylara” garşy berk çäre görülýänçä, bu güýmenje şäherli ýaşlaryň arasynda sub-kultura derejesine baryp ýetipdi.

Emma bu ýaryşlaryň çäklendirilmegi, gije 23-den soňra köçelere çykmak gadagançylygynyň dowam etmegi, köçäniň ugrundaky käfelerdir-dükanlaryň irden ýapylmagy ýaly zatlar gijeki durmyşa öwrenişip barýan aşgabatly ýaşlaryň lapyny keç edýär.

24 ýaşly Begenç hem edil şeýle ýaşlardan biri, ol bu çäreleriň ýaşlaryň hereket azatlygyny çäklendirmäge, hatda halky kontrollykda saklamaga gönükdirilen ädimlerden ybaratdygyny aýdyp, ony hökümetiň sýyasaty bilen baglanşdyrýar:

—Gije 23-00 den soň köçelere çykmagyň gadagan edilmegi baradaky çäklendirme Nyýazowyň döwründe başlapdy. Döwlet adamlary bir garaýyşly, bir pikirli etmek isleýär. Hatda adamlaryň birmeňzeş geýinmegini isleýär. Onuň bu islegi, esasanam, ýaşlara degişli.

Şikaýat edýänlerem ýok däl

Hökümet bilen bir hatarda Aşgabat şäheriniň özgerip barýan gijeki durmuşyna garşy çykýan ilatam bar. Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän we gije 23-00-dan soň açyk bolan kafeniň ýerleşýän raýonynyň ýaşaýjysy, 54 ýaşly Meret Aga esasan goh-galmagaldan şikaýat edýär:

—Her gije uruş-sögüş. Goh-galmagal sebäpli gije ýatyp bolanok. Polisiýany çagyrsaňam, diňe uruşýanlary ýygnap gidýär. Kafe bolsa bütin gije işläp dur, gykylykdan ýaňa ýatyp bolanok.

Meret aga Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde, esasanam, gije köçelerde aýlanyp ýören ýaşlaryň özlerini ahlaksyz alyp barýanlygyny hem belläp “serhoş ýaşlaryň özara uruşlarynyň käbir halatlarda pyçaklaşma çenli baryp ýetýänligini” aýdýar.

Emma, ilatyň käbir gatlaklarynyň garşy çykmagyna we hökümetiň görýän dürli çäklendirmelerine garamazdan, Aşgabadyň özgerip barýan gijeki durmuşynyň öňüne böwet basmak o diýen aňsat bolmajak ýaly.

Gije 23-00-dan soňra yglan edilmedik “komendant sagadynyň” dowam etdirilmegi gizlin kafeleriň açylmagyna ýol açan bolsa, çyraçylar hem öz güýmenjelerini dowam etdirmek üçin toý-tomaşalaryň ýoluny tutdular.

Onsoň, şäheriň köçelerinde ýatyşanam bolsa, “çyraçylyk trýuklaryny” indi gelinalyjylarda görmek bolýar. Gelinalyjylardaky “trýuklar” üçin pulam tölenýär.

Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän kafeniň işgäri Mekanyň pikirine görä, artyp barýan bu talaba çäklendirmeler bilen böwet bolmak kyn:

—Ýaşlar dünýäniň beýleki ýurtlarynda bolşy ýaly kadaly şertlerde ýaşamak isleýärler. Dünýäniň köp ýurtlarynda şäheriň gijeki durmuşy diýen ýagdaý bar. Bu ýagdaý, bir tarapdan, ilatyň belli bir gatlagyna, hususan-da ýaşlara gije dynç almaga mümkinçilik berýän bolsa, beýleki bir tarapdan, şäheriň myhmanlary üçin ol turistik aýratynlyk bolup hyzmat edýär. Bizde hem bu iş dogry ýola goýulsa, bu ýagdaýdan hiç kim kösenmez.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG