Sepleriň elýeterliligi

Şweýsariýadaky awtobus heläkçiliginde 28 adam öldi


Heläkçilige üçran awtobusda jemi 52 adam bar eken. Olaryň köpüsi 12 ýaşly mekdep okuwçylary. (Surat: Siýer, 14-nji mart.)

Heläkçilige üçran awtobusda jemi 52 adam bar eken. Olaryň köpüsi 12 ýaşly mekdep okuwçylary. (Surat: Siýer, 14-nji mart.)

Şweýsariýanyň günbatarynda ýerleşýän Sýer şäheriniň golaýyndaky awtoulag ötüginde ýolagçy awtobusy heläkçilige uçrady. Bu wakada 28 adam heläk boldy, olardan 22-si mekdep okuwçylary.

Heläkçilige üçran awtobusda jemi 52 adam bar eken. Olaryň köpüsi 12 ýaşly mekdep okuwçylary.

Awtobusyň tuneliň beton diwaryna baryp urandygy habar berilýär. Awtobus sürüjileriniň ikisi hem bu hadysada heläk boldy.

Çagalar Şweýsariýanyň daglarynda geçiren dynç alyşlaryndan soň öz öýlerine, Belgiýanyň Lommel we Hewerli şäherlerine gaýdyp barýardylar.

Walle regionynyň polisiýa bölüminiň metbugat sekretary Žan Mariýe Bornet şeýle köp pidaly ýol hadysasynyň öz ýurdunyň tarynynda ilkinji gezek ýüze çykandygyny “Reuters” habar gullugyna aýtdy:

—Şular ýaly ýol heläkçiliginiň hiç haçan bolmandygy aýdyň. Onda 22 çaga heläk bolup, ýene 24-si ýaralandy. Polisiýanyň tejribesinde öň beýle zat bolmandy. Bu ýagdaý hem Wallede, hem Belgiýada gaty gussaly gynanç duýgusyny döretdi.

Polisiýa bu hadysa bilen bagly derňewiň geçirilýändigini habar berdi.

Awtobus heläkçiliginiň bolan ýerinde, 14-nji mart.

Awtobus heläkçiliginiň bolan ýerinde, 14-nji mart.


13-nji mart giçlik ýüze çykan bu ýol heläkçiliginde ýaralanan adamlary keselhanalara ýerleşdirmek üçin “tiz kömek” dik uçarlary çagyryldy.

Ýaralananlar Şweýsariýanyň Lozann hem Bern şäherleriniň keselhanalaryna ýerleşdirildi. Halas ediş işlerine 300-den gowrak adamyň gatnaşandygy habar berilýär.

Heläk bolan we ýaralanan çagalaryň ene-atalarynyň Belgiýadan Şweýsariýa gelendigi habar berilýär. Olara psihologlaryň goldaw berip, dertlerini ýeňletmäge çalyşýandyklary aýdylýar.
XS
SM
MD
LG