Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AÖB: Klimat migrasiýasy Aziýa howp salýar


BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun Aral deňziniň ýakasyndaky öňki port şäheri bolan Muýnakdaky “gämi öwlüýasynda”, Özbegistan, 2010-njy ýylyň aprel aýy.
BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun Aral deňziniň ýakasyndaky öňki port şäheri bolan Muýnakdaky “gämi öwlüýasynda”, Özbegistan, 2010-njy ýylyň aprel aýy.
Aziýanyň Ösüş banky geljekki onýyllyklarda howanyň üýtgemeginiň Aziýada migrasiýa uçin esasy sebäbe öwrüljekdigini aýdýar.

Bankyň täze hasabatynda aýdylmagyna görä, geçen iki ýylyň dowamynda regionda bolan tebigy betbagtçylyklar 42 million adamyň başga ýere göçmegine sebäp bolupdyr.

2010-njy ýylda Pakistanda we Hytaýda ýüze çykan tebigy betbagtçylyklar, ilkinji nobatda suwuň joşmagy 30 milliondan gowrak adamy öz ýaşaýan ýerlerinden göçmäge mejbur edipdi.

Aziýanyň Osüş bankynyň müdiri Bart Edesiň guramanyň internet saýtynda ýerleşdirilen wideo çykyşynda bellemegine görä, hasabat “howanyň üýtgemeginiň adamlaryň öz oturymly ýerlerinden göçmegine we köp adamlaryň migrant bolmagyna täsir ýetirýänligini” habar berýär.

Edesiň sözlerine görä, Aziýanyň Ösüş bankynyň bu hasabaty hökümetleriň problema has uly üns bermegi we betbagtçylyklaryň öňüni alyş çärelerini görmegi üçin strategik ugurlary görkezýär.

Merkezi Aziýa

Hasabatda Merkezi Aziýanyň köp böleklerinde topragyň arryklamagynyň, suw ýetmezçiliginiň we ýeriň çöle öwrülmeginiň ýene dowam etjekdigi aýdylýar. Bu region soňky ýyllarda dünýäde bolan iň betbagtçylykly tebigy krizisleriň birnäçesini, ilkinji nobatda-da suw problemalaryna degişli krizisleri başdan geçirdi.

Aral deňzinde suwuň derejesiniň peselmegi we oňa akýan iki derýanyň: Amyderýanyň we Syrderýanyň suwunyň azalmagy regionda uly ekologik üýtgeşikliklere getirdi.

Täze müňýyllygyň başynda bolan gurakçylyk, çak bilen 250 müň adamy, ýagny Özbegistanyň Garagalpagystan awtonom respublikasynyň ýaşaýjylarynyň 20%-ni Gazagystana we Orsýete gitmäge mejbur edipdi.

Hasabatda Merkezi Azianyň köp böleklerinde ilatyň howanyň üýtgemegi bilen bagly suw ýetmezçiliginiň töwekgelçiligi astynda ýaşaýanlygy bellenilýär.

Şeýle-de, Aziýanyň Ösüş bankynyň hasabatynda bellenişine görä, garyplyk we dolandyryş problemalary ilaty ekologik betbagtçylyklaryň öňünde has ejizledýär. Meselem, gurakçylyk oba hojalygynyň önümçiligini we netijede ilatyň azyk üpjünçiligini gowşadýar.

Regionyň öňdebaryjy ýurdy bolan Gazagystanda howanyň üýtgemeginiň ýetirýän ýaramaz netijeleriniň arasynda topragyň şorlamagy, çölleşmegi we gurakçylyk agyr problemalary döredýär. Gurakçylyk oba hojalygyna garaşly adamlaryň oturan ýerlerinden başga ýere göçmegine itergi berýär.

Gazagystan şeýle adam migrasiýasyny eýýam başdan geçiren ýurt. Oba ýerlerindäki garyplyk we ilatyň ykdysady mümkinçilikleriniň çäkliligi muňa sebäp bolupdy.

Täjigistanda ilatyň 95%-i suw joşguny, topragyň süýşmegi we topragyň zaýalanmagy ýaly ekologik problemalaryň töwekgelçiligi astynda ýaşaýar.

Merkezi Aziýanyň ýüzlerçe müň ýaşaýjysy gazanjyň gözleginde ýylda Orsýete we beýleki ýurtlara gitmäge mejbur bolýar. Hasabatda şeýle migrasiýanyň regionyň ösüşine oňly täsir ýetirýänligi hem bellenilýär we bu täsiriň esasan regiona daşardan maliýe serişdeleriniň iberilmegi bilen baglydygy aýdylýar.

Hasabatda öňe sürülýän çäreleriň arasynda ekologik betbagtçylyklar zerarly ýaşaýan ýerlerini terk edýän adamlaryň hak-hukuklaryny goramak meselesine üns berilýär.

1966-njy ýylda esaslandyrylan Aziýanyň Ösüş banky özüni Aziýa-Ýuwaş okean regionynyň osüşini maliýeleşdirmek boýunça esasy çeşme diýip atlandyrýar we 17,5 milliard dollar sarp etmäge ukyplydygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG