Sepleriň elýeterliligi

Owgan türkmenleri okuwçylar üçin ýaşaýyş jaýlaryny açýarlar


Mustafa Kemal Mahdum

Mustafa Kemal Mahdum

Owganystanly türkmenler tarapyndan döredilen özbaşdak “Ýüpek yoly” fondunyň başlygy Mustafa Kemal Mahdum Owganystanda mekdep-internatlarynda okaýanlar üçin umumy ýaşaýyş jaýlaryny açdy.

Mustafa Kemal Mahdum Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysyna bu merkezlere okuwçylaryň kabul edilişi barada şeýle gürrüň berdi:

—"Ýüpek yoly" fonduny täze guradyk. Ýöne beýle işe biziň owaldan tejribämiz bar. Owaly bilen Şybyrgandan okuwçylara niýetlenen iki sany ýaşaýyş jaýyny açdyk. Onuň birinjisi 40 kişilik, beýlekisi 60 adamlyk. Bulary biz Owganystanyň ähli ýaşlary üçin açdyk. Ýöne, hususan-da, biziň türkmen halkymyz bilimde-de, terbiýede-de gaty yza galdy. Şonuň üçin biz köpräk türkmen okuwçylaryny alýas. Meýmenede hem studentler üçin bir ýatak jaýyny açdyk. Kabulda bolsa, ine, häzir açyp oturys. Sizem ine şu studentler jaýynda myhman bolup otyrsyňyz. Bilşiňiz ýaly, Owganystanda otuz ýyldan bäri uruşdyr jenjel-gowga dowam edip gelýär. Biziň esasy maksadymyz şu: türkmen, özbek bolsun, ähli owganystanly ýigitleri okuwly etmek we jemgyýeti galdyrmak.

Azatlyk Radiosy: Kabulda mekdep-internatynyň ýaşaýyş jaýlary ilkinji gezek türkmenler tarapyndan açylýar. Olary açmakda size ynsanperwer guramalar tarapyndan ýardam boldumy?

—Biz häzire çenli hiç bir guramadan ýardam almadyk. Bu fonduň maddy çeşmesiniň nireden gelýändigini aýdaýyn. Biz Türkiýede 25 ýyldan bäri şu işi ýöredýäris. Türkiýä baran owganystanly bosgunlara ýa dünýäniň dürli künjeginden gelenlere kömek we ýardam etdik. Şol ýerdäki Owganystandan bolan okadan oglanlarymyz, Hudaýa şükür, bu ýere geldiler. Biziň okadan oglanlarymyzdan Şybyrganyň gubernatorlygynda wekil bolanlary bar. Olardan Gumrük gullugynyň müdirleri bolanlary bar. Ýokary sudda – kazyýetde jogapkärli wezipede işleýänlerem bar. Bularyň ählisi bize kömek etdiler. Işewür toparda, söwdada baý bolan oglanlarymyz bar. Türkiýede okap gelen oglanlardan ýüz çemesi dürli wezipelere eýe boldular. Olar bize maddy hem maslahat beriji ýardamçy bolýarlar. Şoňa görä biz häzire çenli haýsydyr bir resmi guramadan ýardam alamyzok.

Azatlyk Radiosy: Okuwçylaryň näçerägi türkmen, olar köplükmi?

—Olaryň köprägi türkmen oglanlary, her ýüzden ýetmişden gowragy türkmenler. Şybyrganda, Meýmenede, Kabulda studentleriň aglaba köprägi türkmenler. Indi Kabula aýratyn üns bermegimiziň sebäbi bu merkez, bu ýer paýtagt. Ýöne her ýeriň bir kada-kanuny bar. Bu ýerde hem biziň okuwçy ýaşlara jaý açmagymyz üçin, 17 maddadan ybarat bir kanun bar. Biziň Kabulda merkezimizde bolmagy üçin, okuwçylar uniwersitetde okamaly. Mazary-Şerifden, Jöwüzjandan, umuman, demirgazykdan gelen oglanlary bu ýerde unwersitetde okadýas. Ýene Şybyrgandaky ýa-da Meýmenedäki studentlere niýetlenen jaýlarda okamak üçin uniwersitet hökmany şert däl. Çünki türkmenler köplenç obalarda, merkezden çetde oturýarlar ahyryn. Şonuň üçin Şybyrganda ýa Meýmenede olary liseýde ýa-da orta mekdepde okadýarys. Ýöne Kabulyň okuwy uniwersitet bolmaly.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG