Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedowyň Kiýewe sapary tamamlandy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kiýewe resmi sapary 14-nji martda tamamlandy.

Saparyň birinji güni prezidentler Wiktor Ýanukowiç bilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikiçäk duşuşygy, ondan soň bilelikdäki beýannama hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyklar toplumyna gol çekişlik dabaralary boldy.

Azatlyk Radiosynyň Kiýewdäki žurnalisti sişenbe güni agşam Ukrainanyň paýtagtynyň merkezinde Ministrler Kabinetiniň klubunda ukrain işewür töwerekleriniň wekilleri bilen duşuşyk bolandygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosyndan Nazar Hudaýberdi Azatlyk Radiosynyň ukrain paýtagtyndaky korrespondenti Ýewgeniý Solonina bilen saparyň soňky güni, netijeleri barada gysgça gürrüňdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ýewgeniý, 14-nji martda Berdimuhamedowyň Kiýewe saparynyň çäklerinde nähili resmi çäreler geçirildi?

Ýewgeniý Solonina: Ýeke-täk geçirilen resmi çäre ukrain hem türkmen kollektiwleriniň Kiýew sirkinde çykyşy boldy. Ýetim hem garyp çagalar üçin kömege niýetlenen bu çykyşa Ukrainanyň we Türkmenistanyň prezidentleri gatnaşdylar. Sirkde türkmen atlylary çykyş etdiler, ol atlar prezidentiň uçary bilen getirilipdir.

Azatlyk Radiosy Bu saparyň dowamynda gozgalan meselere, gol çekilen dokumentlere ukrain ekspertleriniň, oppozisiýa wekilleriniň garaýyşlary nähili?

Ýewgeniý Solonina: Ukrain oppozisiýasy ‘postsowet giňişligindäki iki diktator duşudy, olara dil tapyşmak juda aňsat, sebäbi olaryň ikisi-de birmeňzeş oýlanýar’ diýen pikiri öňe sürdi.

Ekspertleriň garaýyşlary barasynda aýdylanda, umuman, olar iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň geljegine oňyn baha berýärler. Ýöne şol perspektiwa tebigy gaz bilen bagly däl. Ýakyn Gündogar barlaglar institutynyň direktorynyň orunbasary Sergeý Danilowyň pikiriçe, iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň özenini ukrain turbalaryny hem turba çekmek üçin zerur bolan beýleki tehnikany Türkmenistana satmak düzer. Kiýewdäki energiýa klubuň prezidenti Aleksandr Dadeýçuk özüne gerek gazyň 5 prosentini Ukrainanyň eýýäm Türkmenistandan alýandygyny aýdýar.

Berdimuhamedow bilen Ýanukowiç ylalaşyga gol çekişdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:32 0:00
Wideo: 13-nji martda Kiýewde Türkmenistanyň we Ukrainanyň liderleri birnäçe ugur boýunça, şol sanda nebit we gaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada birnäçe ylalaşyklara gol çekişdiler.

Azatlyk Radiosy: Gysgaça gürrüň berseňiz, umumy alnanda Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedowyň Kiýewe sapary nähili ýagdaýda geçdi?

Ýewgeniý Solonina: Sapar döwründe Kiýewiň merkezinde deňi-taýy bolmadyk howpsuzlyk çäreleri görüldi. Ýuwlup-ardyldy. Mysal üçin, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň şäheriň merkezindäki ýadygärliginiň töweregini sabynlap ýuwup çykdylar.

Düýn Kiýew myhmanhanasynyň golaýynda, prezident Berdimuhamedowyň awtokerweniniň geçjek ýolunyň ugrunda goýlan deputatlara degişli dört sany maşyn gürüm-jürüm edildi. Ondanam başga şu gün paýtagtyň merkezinde durmuş bölekleýin doňdy. Mysal üçin, taksiler merkeze gelmek baradaky çakylyklardan Türkmenistanyň prezidentiniň sapary bilen bagly ýüz öwürdiler. Sebäbi merkezde hereket ýatyryldy. Ýanukowiç şol ýoldan her gün işine gatnaýar. Taksilerem gatnap durýar. Prezident Ýanukowiçiň gatnawy iki prezidentiň bilelikde döreden kynçylygyny döretmeýärdi.
XS
SM
MD
LG