Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Azeri prezidenti 2020 Olimpiýasyny geçirmäge mümkinçilikleriniň bardygyny aýdýar


13-nji martda Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewiň Bakuwda Olimpiýa toplumyny açanda aýtmagyna görä, 2020-nji ýyldaky tomusky Olimpiýa oýunlarynyň Azerbaýjanda geçirilmegi üçin zerur bolan ähli şertler bar.

Alyýew “islendik halkara sport ýaryşyny Azerbaýjanda geçirmegiň mümkindigini” sözüne goşdy. Ol Azerbaýjanda eýýäm dünýä we Ýewropa çempionatynyň geçirilendigi üçin, 2020-nji ýylda tomusky Olimpiýa oýunlarynyň Azerbaýjanda geçirilmegi üçin arza berendigini aýdýar.

Azerbaýjanyň fiziki resurslaryndan daşary-da, onuň “ýokary derejeli howpsuzlygy”, durnuklylygy we sosial-syýasy asudalygy üpjün etmäge hem mümkinçiligi bar diýip, prezident Alyýew aýdýar.
XS
SM
MD
LG