Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň BMG-e agza bolmagynyň 20 ýyllygy bellendi


13-nji martda Nýu-Ýorkda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Ermenistanyň BMG-e agza bolmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi. Oňa BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun hem gatnaşdy.

Dabarada Türkmenistan tarapyndan ýurduň BMG-däki hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa çykyş etdi:

—Biziň ýurtlarymyz BMG-e agza bolmak bilen halkara jemgyýetçiligine integrirlenmäge doly mümkinçilik aldylar we döwletiň kemala geliş prosesinde BMG-niň goldawyna bil baglap bildiler.

Ataýewa Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Ermenistanyň BMG bilen deňhukukly we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny hem aýtdy.

1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň karary bilen Türkmenistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan, Moldowa we Ermenistan gurama agzalyga kabul edilipdi.
XS
SM
MD
LG