Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň hökümeti Kofi Annanyň tekliplerine jogap berdi


13-nji martda Siriýanyň hökümeti BMG-niň we Arap Ligasynyň wekili Kofi Annanyň tekliplerine jogap berdi.

Annanyň metbugat wekili Ahmet Fawziniň aýtmagyna görä, häzir Siriýanyň beren jogabyna garalýar.

Kofi Annanyň sözlerine görä, ol ýakynda Damaska sapar edende, Siriýanyň ýolbaşçylaryna, şol sanda prezident Başar al-Assada ýurtdaky bidüzgünçilikleri togtatmak barada anyk teklipleri beripdir.

Ahmet Fawzi Siriýanyň jogabyny entek kommentirläp bilmejekdigini aýdýar.

Kofi Annan Türkiýäniň resmileri we Siriýa oppozisiýasynyň agzalary bilen gepleşikler geçirmek üçin, Türkiýä sapar edýär.
XS
SM
MD
LG