Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Panetta Gurhanyň ýakylmagy, gyrgynçylyk "juda alada dörediji" diýýär


Owganystanda Gurhanyň ýakylmagy we amerikan esgeriniň 16 sany asuda ýaşaýjyny atyp öldürmegi halkara jemgyýetçiliginiň Owganystandaky tagallalaryny kyn ýagdaýda goýan “juda alada döredigi” wakalardyr diýip, 14-nji martda ABŞ-nyň goranmak ministri Leon Panetta aýtdy.

Panetta bu çykyşyny Owganystanyň günortasynda ýerleşýän Helmand welaýatyndaky amerikan esgerleriniň lagerinde etdi.

NATO-nyň we Owganystanyň esgerleri kämilleşmegi dowam etdirýärler, olar “Al-Kaýdany” ýok etmek we “Talyban” gozgalaňçylaryna garşy durmak missiýasyny dowam etdirmelidir diýip, Panetta aýtdy.

Panetta 11-nji martda Kandagar welaýatynda bir amerikan esgeri 16 asuda ýaşaýjyny atyp öldürenden soň Owganystana sapar eden ABŞ-nyň ilkinji ýokary derejeli resmisi boldy.

Amerikanyň goranmak ministri Leon Panetta Helmand welaýatynyň liderleri bilen gepleşikler geçirdi. Onuň prezident Hamid Karzaý bilen hem duşuşmagyna garaşylýar.

Bu aralykda, 14-nji martda Owganystanyň Kandagar welaýatynda bolan iki bomba partlamasynda azyndan 9 adam öldi. Bu wakalarda azyndan iki adamyň ýaralanandygy habar berilýär.

Resmiler partlamalaryň birini “Talyban” amala aşyrandyr öýdýär.
XS
SM
MD
LG