Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjanda 22 adam içalyçylykda aýyplanýar


Azerbaýjanyň goranmak ministri Safar Abiýew Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad bilen duşuşýar, 13-nji mart.

Azerbaýjanyň goranmak ministri Safar Abiýew Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad bilen duşuşýar, 13-nji mart.

Azerbaýjanyň Milli Howpsuzlyk ministrligi Birleşen Ştatlaryň we Ysraýylyň Bakuwdaky ilçihanalaryna hüjüm etmek synanşygy bilen bagly 22 adamyň tussag edilendigini habar berdi.

14-nji martda Azerbaýjanyň howpsuzlyk gullugynyň resmileri tussag edilen azeri raýatlarynyň hüjüm gurnamakda Eýran tarapy bilen gatnaşykda bolandygyny öňe sürdüler. Olar Eýranyň Rewolýusiýa sakçylary edarasy SEPAH-yň agzalary bilen hyzmatdaşlyk edenlikde aýyplanýarlar.

Azerbaýjanyň resmileriniň beren maglumatlaryna görä, Eýran tarapy tussag edilenleri 1999-njy ýyldan bäri içaly edinip gelýär eken.

Resmi Baku tussag edilenleriň Eýranda ýerleşýän harby lagerlerde ýörite türgenleşik geçendigini, ol ýerde hakyna tutulan azeri raýatlaryna içalylara niýetlenen enjamlardan, ýaragdan peýdalanmagyň öwredilendigini aýdýar.

Içalyçylykda aýyplanýanlara Azerbaýjanda ýerleşýän daşary ýurt ilçihanalaryndan, dürli guramalardan we kompaniýalardan maglumat toplamak, olara garşy hüjüm etmek boýunça tälim berlipdir.

Azerbaýjanyň Milli Howpsuzlyk ministrliginiň bu barada ýaýradan beýanatynda tussag edilenlerden “partlaýjy maddalaryň, ýaraglaryň we içalylara niýetlenen enjamlaryň tapylandygy” ýazylýar.

Bu beýanatda içalyçylykda aýyplananlaryň haçan, nirede we nahili ýagdaýda tussag edilendigi barada maglumat berilmeýär.

Eýranyň resmileri Azerbaýjanda bolan bu waka barada entek hiç hili reaksiýa bildirmediler.

Içalyçylykda aýyplanan 22 adamyň tussag edilendigi baradaky habar Tähran bilen Baku “dostlugy we hyzmatdaşlygy” ösdürmek boýunça wadalaşanlaryndan soň yglan edildi.

12-nji martda Azerbaýjanyň goranmak ministri Safar Abiýew Eýrana saparynyň ikinji güni bu goňşy ýurda garşy hüjüm etmek üçin azeri topragynyň ulanylmagyna hiç wagt ýol berilmez diýdi.

Öz nobatynda Prezident Mahmud Ahmedinejad Abiýewiň bu beýanatyna jogap edip, “iki ýurduň gatnaşyklaryna hiç wagt zeper ýetmez” diýipdir.

Bu wakalardan öň Eýran bilen Azerbaýjanyň arasynda birnäçe aýlap dartgynlylyk bolupdy.

Geçen aý Azerbaýjanyň Ysraýyldan 1,6 milliard amerikan dollaryna barabar ýarag satyn alandygy baradaky habarlar ýaýrandan soň, iki ýurduň gatnaşyklaryna sowuklyk aralaşypdy.

Şu ýylyň fewralynda Eýran Azerbaýjany Ysraýylyň içalylaryna öz topragyny ulanmagyna rugsat berýänlikde aýyplapdy.
XS
SM
MD
LG