Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjikler tebipçilikden haraý gözleýärler


Tajikistan - a doctor and his patient, Dushanbe, Nov2009
Tajikistan - a doctor and his patient, Dushanbe, Nov2009
Täjigistanda lukmanlaryň we keselhanalaryň ýetmezçiligi ýok. Bu ýurtda saglygy saklaýyş hyzmatlary-da ilat üçin mugt. Muňa garamazdan, köp näsaglar öz derdini tebipçilik usullary bilen bejermäge synanyşýarlar.

Sowuklamany bejermek üçin şagalyň etini iýmek ýa çaga dogurmak ukybyny güýçlendirmek üçin urkaçy möjegiň jyns organlaryny iýmek ýaly adaty medisina mahsus bolmadyk usullar şu günki gün Täjigistanda adaty bejeriş çärelerine öwrülip barýar.

Nazirjon Nazirow inçekeselini bejertmek üçin, ýurduň günortasyndaky Hatlon welaýatynyň keselhanasynda 6 aýlap ýatmagyň ýerine, oklykirpiniň etini iýmek ýaly usuly ulanmaklyga alternatiw usul hökmünde garaýar.

Nazirow adam kesellände sagalmak üçin islendik maslahata gulak asmaga razy bolýanlygyny belleýär. Ol şonuň üçin, tebip oklukirpiniň etini iýmeli diýensoň, awçylara pul töläp oklykirpi getirdenligini gürrüň berdi.

Adamlaryň şeýle usullara baş goşmagy lukmanlary alada goýýar. Rahmatullo Juraýew welaýat paýtagty bolan Kulob şäheriniň inçekesel merkezine ýolbaşçylyk edýär. Onuň sözlerine görä, oklukirpiniň eti ýaly tebipçilik usullar bilen inçekeseli bejerip bolmaýanlygy barada adamlara näçe aýdylsa-da, näsaglar keselini bejertmek üçin uzak wagty talap edýän medisina çärelerinden köplenç ýüz öwürýärler.

Duşenbede ýerleşýän Ýürek keselleri boýunça milli merkeziň başlygynyň orunbasary Huseýn Rahmonow hem bu pikir bilen ylalaşýar. Lukmanyň sözlerine görä, tebipçilik usullary depressiýadan, ukusyzlykdan, önelgesizlikden we guragyrydan ejir çekýän näsaglaryň arasynda has ýörgünli.

“Emma käte has agyr keselli adamlar hem tebiplere ýüzlenýärler. Bu bolsa agyr netijelere getirip bilýär. Adamlar wagtyny ýitirip, lukmanlara giç ýüzlenýärler” diýip, Rahmonow aýdýar.

Çaga dogurmak ukybyny güýçlendirmek üçin urkaçy möjegiň jyns organlaryny iýmek ýaly adaty medisina mahsus bolmadyk usullar şu günki gün Täjigistanda adaty bejeriş çärelerine öwrülip barýar.
Çaga dogurmak ukybyny güýçlendirmek üçin urkaçy möjegiň jyns organlaryny iýmek ýaly adaty medisina mahsus bolmadyk usullar şu günki gün Täjigistanda adaty bejeriş çärelerine öwrülip barýar.
Tebipçiligiň meşhurlygy gara bazarda dürli haýwanlaryň etiniň gymmat bahadan satylmagyna sebäp bolýar. Täjigistanyň Kulob welaýatynyň käbir etraplarynda, meselem, oklukirpiniň etiniň bir kilosynyň bahasy 8 dollara ýetdi. Bu bolsa sygyr etinden iki esse ýokary. Urkaçy möjegiň jyns organlarynyň bahasyny anyklamak kyn. Emma bu harydyň hem öz hyrydarlary tapylýar.

Ýakynda Hatlon welaýatynyň Muminobod etrabynyň ýerli keselhanasynda lukmanlar är-aýaly halas etdiler. Agyr ýagdaýda keselhana düşen är-aýalyň urkaçy möjegiň jyns organlaryny iýip, zäherlenenligi çak edilýär.

Keselhananyň lukmanlary bu wakanyň detallary barada habar bermediler. Emma är-aýalyň garyndaşlary, adamsy bilen bilelikde agyr ýagdaýa düşen Dastagül atly zenanyň çagaly bolmak üçin möjek etini iýenligini gürrüň berdiler.

Täjigistanda medisina hyzmatlary ilat üçin mugt. Ýurduň oba ýerlerinde-de lukmanlaryň we keselhanalaryň ýetmezçiligi ýok. Emma saglygy saklaýyş sistemasyndaky korrupsiýanyň ilatyň tebiplere has köp ýüz tutmagyna sebäp bolýan bomagy ähtimal.

Duşenbeli sosiolog bilermen Döwletmyrat Jumaýew Täjigistanda mugt medisinanyň toslamadygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä, mugt diýilýän medisina hyzmatyndan peýdalanmak üçin näsaglaryň pul tölemelidigi hemmä mälim, hatda her bir hyzmatyň göz öňünde tutulan takyk nyrhy-da bar.

Jumaýewiň sözlerine görä, adamlar molla ýa tebibe ýüz tutanda, öz islegine görä pul berip bilýärler. Emma lukmanlara ýüz tutsaň, diňe dermanyň reseptini ýazyp bereni üçin-de lukmanlar azyndan 5 somoni, ýagny 1 dollar tölemegi talap edýärler.

Jumaýew dermanlaryň gymmatdygyny, näsaglaryň köplenç zerur bolan dermanlaryň ýarpysyny-da satyn alyp bilmeýändiklerini aýdýar. Onuň pikirine görä, oba keselhanalarynyň üpjünçiliginiň gowşaklygy, elektrik togunyň kesilip durmagy we kanalizasiýa ýaly zerur şertleriň bolmazlygy-da medisina pudagynyň abraýyna zeper ýetirýär.
XS
SM
MD
LG