Sepleriň elýeterliligi

Siriýa tolgunyşyklarynyň ýyl dönüminde BMG çäresine çagyryş edilýär


Siriýanyň Idlib welaýatynyň Maaret al-Numan şäherinde, mart, 2012-nji ýyl.

Siriýanyň Idlib welaýatynyň Maaret al-Numan şäherinde, mart, 2012-nji ýyl.

Siriýada hökümete garşy çykyşlaryň ýyl dönüminde adam hukuklaryny goraýjylaryň 200-e golaý topary Orsýeti we Hytaýy BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýasyny goldamaga çagyrdylar. Bu rezolýusiýada Siriýada bir ýyllap dowam edýän gandöküşikligi bes etmek üçin režime basyş çäreleri göz öňünde tutulýar.

Adam hukuklaryny goraýjylaryň Siriýada prezident Başar al-Assadyň režimine garşy dowam edýän çykyşlaryň ýyl dönümine gabatlap, 15-nji martda ýaýradan bilelikdäki beýannamasyna hususan-da HRW, “Hristian Ýardamy” we “Adam hukuklary boýunça halkara federasiýasy” ýaly iri halkara guramalar tarapyndan hem gol çekildi.

Adam hukuklaryny goraýjylar Siriýada parahat ilatyň oka tutulmagynyň we halkara hukuklaryny depeleýän beýleki zorluklaryň dessine bes edilmegini talap etdiler. Şeýle-de olar ýurda ynsanperwer guramalaryň wekilleriniň, žurnalistleriň we adam hukuklaryny goraýjylaryň goýberilmelidigini hem nygtadylar.

Siriýanyň ýarag söwdasy boýunça iri ýarany Orsýet, şeýle hem Hytaý BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň “Siriýadaky zorlugy bes etmek boýunça” Günbatar döwletleri we Arap Ligasy tarapyndan goldanylýan rezolýusiýasyny böwetläpdiler.

Siriýanyň hökümeti ýurtdaky gozgalaňlarda terrorçylyk toparlaryny aýyplaýar.

Habar berlişine görä, penşenbe güni Siriýanyň hökümet goşunlary oppozisiýanyň ýerleşýän ýeri bolan Idlib şäherini oka tutupdyr.

Adam hukuklaryny goraýjylaryň ýerli şaýatlara salgylanyp habar bermeklerine görä, hepdäniň çarşenbe gününden bäri tutuş ýurt boýunça azyndan 40 adam öldürilipdir. Habarlara görä, 15-nji martda Siriýanyň günortasynda ýerleşýän Deraa şäherinde köpçulikleýin protest çykyşlary geçirildi.

“Rewolýusiýa” we “Halkara dildüwşük”

Siriýanyň Homs şäheriniň aktiwisti Omar al-Homsi 13-nji martda “Skaýp arkaly eden çykyşynda habar agentliklerine ýüzlendi we prezident Başar al-Assadyň režimine garşy gozgalaňlaryň birinji ýyl dönümini bellemäge çagyrdy:

—Bu – sözüň doly manysyndaky rewolýusiýa, basyşlara, zuluma we korrupsiýa garşy rewolýusiýa. Biziň ählimiz aktiwist hökmünde Siriýanyň halkyndan berk durmagy we onuň köçelere çykmagyny dowam etdirmegini, azatlygyny we zalymyň çetleşdirilmegini talap etmegini haýyş edýäris. Biz mundan başga hiç zady talap etmeýäris.

Siriýanyň hökümeti öz tankytçylaryna garşy çäre hökmünde hepdäniň penşenbe güni Damask, Alleppo we Latakia şäherlerinde öz tarapdarlarynyň demonstrasiýasyny gurnady. Bu mitinglere gatnaşyjylar Siriýa garşy halkara dildüwşüge garşy çykyş etdiler.

BMG-niň magumatlaryna görä, ýylyň dowamynda Siriýada 8 müňe golaý adam heläk boldy, onlarça müň adam tussag edilidi we 250 müňe golaý adam ýaşaýan ýerlerinden göçmäge mejbur boldular.

Ankara hepdäniň penşebe güni soňky 24 sagadyň dowamynda Siriýadan Türkiýä bir müňe golaý adamyň geçenligini yglan etdi we Türkiýede siriýaly bosgunlaryň umumy sanynyň 14 müňe ýetenligini aýtdy.

Assadyň elektron hatlary

Saud Arabystany Siriýanyň režimine garşy çäre hökmünde öz Damaskdaky ilçihanasyny ýapdy we işgärlerini ýurtdan çykardy.

Saud Arabystany siriýaly gozgalaňçylaryň tarapynda çykyş edýän iri arap ýurtlarynyň biri. Bu ýurt Başar al-Assada garşy çykyş edýän güýçlere ýardam we ýarag bermek boýunça mümkinçilikleri öwrenmek üçin halkara tagallalaryny birikdirmäge çagyrýar.

Britaniýanyň “The Guardian” gazeti hepdäniň penşenbe günündäki sanynda özünde Siriýanyň prezidenti we onuň aýaly tarapyndan ýazylan müňlerçe şahsy elektron hatlaryň bardygyny habar berdi. “The Guardian” bu hatlary Siriýadaky oppozision çeşmelerden alanlygyny aýdýar.

Gazetiň bu hatlara salgylanyp, ýazmagyna görä, Assad gozgalaňlara garşy çäre görmekde öz ýarany Eýranyň maslahatyndan peýdalanýar. Maglumatda şeýle-de Assadyň öz wada beren reformalaryny ýaňsylap, “partiýalar we saýlawlar baradaky boş kanun” diýip atlandyranlygy hem aýdylýar.

Siriýanyň hökümeti “The Guardian” gazetinde çap bolan bu maglumatlara reaksiýa bildirmedi. Şeýlelikde bu hatlaryň hakykata näderejede gabat gelip-gelmeýänligi näbelli bolup galýar.
XS
SM
MD
LG