Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: hukuk toparlary BMG-niň herekete geçmegine çagyrýarlar


15-nji martda adam hukuklary boýunça 200 guramanyň koalisiýasy Orsýeti we Hytaýy Siriýanyň režiminiň bir ýyl bäri dowam edýän gandöküşikligi togtatmagy üçin BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň oňa basyş etmek baradaky rezolýusiýasyny goldamaga çagyrdy.

Guramalaryň bilelikdäki beýanaty Siriýada prezident Başar al-Assadyň režimine garşy protestleriň başlanmagynynyň ýyl dönüminde ýaýradyldy.

Siriýa režiminiň uzak wagtdan bäri ýarany bolan we oňa ýarag satýan Orsýet, şeýle hem Hytaý Günbatar we Arap Ligasy tarapyndan goldanylýan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýasyna böwet bolýar.

15-nji martda Siriýanyň hökümet güýçleriniň demirgazykdaky Idlib şäherinde ýerleşýän oppozisiýanyň berkitmelerine artilleriýadan ot açandyklary hem habar berilýär.

Şol bir wagtyň özünde, 15-nji martda Siriýanyň hökümeti Damaskda, Aleppoda we beýleki şäherlerde öz tarapdarlarynyň ýörişini gurnady.
XS
SM
MD
LG