Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda janyndan geçen hüjümçi polisiýa resmisini öldürdi


14-nji martda Pakistanyň Peşewar şäherinde öz janyndan geçen hüjümçi polisiýasynyň ýokary derejeli resmisi Kalam Hany öldürdi. Ol Hanyň awtoulagyna bombaly baryp urupdyr.

Bu hüjümde polisiýanyň başga-da üç ofiseri ýaralandy.

Şol bomba partlamasy “HYBER” agentliginiň ýerleşýän jaýynyň golaýynda boldy.

Pakistanyň howpsuzlyk güýçleri bu sebiti gozgalaňçylardan arassalamak üçin iki ýyl bäri operasiýa geçirip gelýärler.
XS
SM
MD
LG