Sepleriň elýeterliligi

"Iş ýok, bolsa aýdarys!"


Jemgyýetiň işsizlik meselesi zenanlaryň hem gerdenine düşýär.

Jemgyýetiň işsizlik meselesi zenanlaryň hem gerdenine düşýär.

Türkmenistanda işsizlik meselesi indi esli wagt bäri ýiti sosial problema bolmagynda galýar. Jemgyýetiň bu agyrly meselesi zenanlaryň hem gerdenine düşýär.

Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinden özüni Sona Ataýewa diýip tanyşdyran 35 ýaşly öý hojalykçy zenan hem iş gözläp kösenýänleriň biri. Ol türkmen zenanlarynyň şu günki gün işe ýerleşmek meseleleri barada gürrüňdeşlikde ýurtda işsizlik problemasynyň ýiti durýandygyny aýdyp, şeýle diýdi:

—Biz Baýramaly şäherinde ýaşaýarys. İş ýok. Biziň ýanymyzda kärhana açylanok, täze mekdep bilen çagalar bagy açyljak bolýar. Onda-da şu wagtdan habar tutýas. Hemme zat tanyş-bilişligiň üsti bilen...

Azatlyk Radiosy: Ilaty iş bilen üpçün etmek barada ýerli häkimiýetler gyzyklanmaýarmy?

—Gyzyklanýarmy ýa-da gyzyklanmaýanyny bilemok, ýöne biziň ýanymyzdanky Zähmet biržasynda menem hasapda durun. Her sapar baranyňda, iş barmy diýýäň, “iş ýok” diýýärler. Her üç aýdan kepilnamamyzy täzeleýär. “Iş bolsa aýdarys” diýýär, bolany onsoň.

Azatlyk Radiosy: Ýaňky Zähmet biržasynda siz näçe wagtdan bäri nobatda dursuňyz?

—2009-njy ýyldan bäri hasapda durun. “Iş ýok. Indi gelseň Aşgabada hasaba goýjak, işsizleriň dokumentleri Aşgabada gidýär” diýdi. Mundan üç aý öň baranymda, kepilnamaňy getir diýipdi. Olar kepilnama “Şu işsiz” diýip özleri berýär. Biz iş barmy diýip, her üç aýdan habar tutup durýas. Arasynda-da barýas. Onsoň hünäriňize görä iş ýok diýýärler. Olar ýokary bilimli gerek diýýärler. Biziňki orta bilim.

Azatlyk Radiosy: Siz hünäriňiz boýunça kim?

—Hünärim boýunça men orta bilimli buhgalter – ykdysatçy.

Azatlyk Radiosy: Tikinçilik firmalary diýýär ýa haly arteli diýen ýaly kärhanalar açylanokmy?

—Biziň ýanymyzda tikinçilik ýa haly artelleri bar. Onda-da gyzlar, ýaş gelinler haly dokaýarlar. Öňki işgärleri ýetik, işleşip ýörler. Ýaş, mekdebi gutaranlar barýar.

Azatlyk Radiosy: Häzirki ýagdaýyňyzda näme bilen güzeran aýlaýaňyz?

—Ýoldaşym işleýär. Şonuň bilen güzeran aýlaýas. Bu bir adamyň aýlygy diýen ýaly-da.

Azatlyk Radiosy: Siziň ýaşaýan ýeriňizde zenanlaryň arasynda işsizler köpmi?

—Hawa, kän işsiz. Her bir öýde işsizler otyrlar. Şu wagt gyzlaram, gelinlerem, gaýynlaram işsiz diýen ýaly.

Azatlyk Radiosy: Zähmet biržasyna barýan diýdiňiz. Eger-de siz biržada hasaba alnyp, işsiz diýen statusda bolsaňyz, adatça işsizlik boýunça posobiýe tölenmeli. Şu mesele gozgalýarmy şol ýerde?

—Ýok, ol posobiýe, hähmet haky barada gürrüňem ýok. Her kim baryp, iş tapsa kaýyl. Mekdepde, aýdaly, pol süpürmek diýýämi ýa keselhanada sanitarka bolup işlemek diýýämi, bir ýerde, mekdepde pol süpürsegem biz kaýyl. Öz bilimimiz boýunça däl, başga işler boýunça-da.

Azatlyk Radiosy: Garaşsyzlygyň başky ýyllarynda käbir edaralar ýapylypdy. Mysal üçin, regionyňyzda Uçkombitan (okuw kombinaty, hünär öwrediji ýörite mekdep) bardy. Häzirki döwürde şol ýapylan edaralardan açylýany edara barmy?

—Hawa, meselem, Uçkombinat şol döwürde ýapyldy. Ýene-de şol ýerde işgärler işleýärler, ýöne bizi alanoklar. Şo ýerden biz iş orunlarynyň kemeldilmegine düşüp gaýtdyk. Bizi alanoklar, başga işgärler işläp ýörler. Irräk döwürde iş sorap gördüm welin: “Ýok entek, basym iş orny gelmeli. Nesip bolsa şonda alarys” diýýär. Ýene barýaň welin, “iş orny berilmedi” diýýär. Ol ýerde direktor bar, bir jaý süpürijisi bar diýen ýaly, öňki ýaly işem ýok. Okuwçylary okadyp dokument berýär. Mugallymlaram öňki ýaly kän däl, öňler kändi. Gyzlara buhgalterçiligi okadýarlar. Apparaty uly däl, apparaty giňeldenoklar.

Azatlyk Radiosy: Soňky döwürde işsizlik zerarly daşary ýurtlara işlemäge gidýänleryň sany artdy diýilýär. Şeýlemi?

—Hawa, gaty kän, ikiň biri şu wagt daşary ýurtda. Zenanlaram bar, erkeklerem.

Azatlyk Radiosy: Maşgalany eklemek üçin olar gazanç edip bilýärlermi?

—Hawa. Yzlaryna her aýda 500$ ugradýarlar. Gidenleriň hemmesem şo taýda dört-bäş ýyl bolup, meselem, ene-atasy yzyndan barsa, gezelenje çagyranlar-da, “Geljekmi?” diýseler, “Geljek däl, ýene bir bäş ýyl işlejek” diýýärmişinler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG