Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tölegli berilýän mugt gaz


15-nji martda Türkmenistanda jaýlary ýyladyş möwsümi tamamlandy. Ýöne martyň başky günlerinden bäri etraplaryň gaz-üpjünçilik edaralarynyň işgärleri ilatdan geçen möwsümde sarp edilen tebigy gaz üçin pul ýygnaýarlar.

Bu ýagdaý ilat arasynda nägilelikleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Adamlar resmi taýdan mugt diýlip, dünýä jar edilýän tebigy gaz üçin nämä esaslanyp töleg talap edilýändigine düşünip bilenoklar. Iň möhümi-de, öýlerde gaz ölçeýji bolmansoň, onuň töleginiň her etrapda, her obada, hatda her maşgalada dürlüçe hasaplanmagydyr.

Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň ýaşaýjysy, kärendeçi zenan Mamajan tebigy gaz üçin häzirki talap edilýän puluň geçen ýyllardakydan iki-üç esse köpdügini aýdyp, şeýle diýdi:

—Geçen ýylyň noýabr aýynda gelip, 17 manat 30 teňňe alyp gitdiler. Ýakynda ýene gelip, 32 manat 40 teňňe aldylar. “Gyşda hammama ýakan gazyň üçin” diýdiler. “Öýümizde gaz ölçeýji ýok, artyk ýakanymy nädip hasapladyňyz?” diýsem, aýdyp bilmediler.

Etrap gaz-üpçünçilik edaralarynyň biriniň efirde adynyň tutulmazlygyny haýyş eden jogapkär işgäri ilatdan sarp eden tebigy gazy üçin pul alynýandygyny tassyklap, ony şeýle düşündirdi:

—Her adama bir ýylda 50 kubmetr gaz mugt goýberilýär. Şondan artyk ýakylany tölegli. Öýlerde gaz ölçeýjiler bolmansoň, 50 kubmetr adamlara köp ýaly bolup görünýär. Ýöne gyşyna hammamlar, hatda gaz plitalary-da öçürilmeýär. Gije-gündizläp ýanyp dur. Onsoň gaz bolmalysyndan artyk sarp edilýär. Biz şol artyk ýakylan gaz üçin pul alýas. Ölçeýjiler bolmansoň, adamlara gazy artykmaç sarp edendigini düşündirmek kyn. Nägilelik şondan gelip çykýar. Indi birnäçe ýyl bäri dowam edip gelýän şol nägilelikleriň soňuna, diňe öýlere gaz ölçeýjileri oturtmak arkaly çykmak mümkin. Ýakyn günlerde olary oturdyp başlarys. Welaýatymyza gaz ölçeýji enjamlar getirilip ugraldy.

Şol enjamlaryň oturdylmagynyň ilat üçin-de amatly boljakdygyny aýdan ýerli ýaşaýjy Isgender Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde ony şeýle delillendirdi:

—Häzir oba ýaşaýjylarynyň köpüsiniň melleklerinde ýyladyşhanalar bar. Onda ýakylan gazyň möçberini hasaplamak kyn. Gaz edarasynyň işgärleri ýyladyşhanalaryň kwadrat metrine garap, pul aýlaýrlar. Özem ony bäş aý üçin hasaplaýarlar. Bizde bolsa gyş aýlarynda-da howanyň güneşli, maýyl günleri az bolanok. Şeýle günlerde ýyladyşhanalaryň peçleri öçürilýär. Gaz ölçeýji enjamlar oturdylsa, döwlet üçin-de, sarp edijiler üçin-de bähbitli. Iki tarapyň-da haky köýmez.

Gaz-üpjünçilik edarasynyň işgäri artyk sarp edilen tebigy gazyň bahasyny tölemeli bolaýanda-da, onuň ilat üçin agyr düşmejekdigini, çünki onuň bahasynyň simwolikidigini aýdýar:

—Onuň her kubmetriniň bahasy iki teňňe. Maşgala býujetine agram salanok. Ähli ýerlere gaz ölçeýji enjamlar oturdylansoň, adamlarda nägilelik bolmaz. Biziň işimiz-de ýeňilleşer.
XS
SM
MD
LG