Sepleriň elýeterliligi

Gündogar müşki-anbary


Döwletmyrat Ýazgulyýew: "Türkmenler ýakymly müşki, ajaýyp ysly anbary gelin-gyzlarymyza rowa görüpdirler. Şol sebäpli klassyk şahyrlarymyz hem gelin-gyzlarymyzy müşk-anbar bilen baglanyşydyryp wasp edipdirler".

Döwletmyrat Ýazgulyýew: "Türkmenler ýakymly müşki, ajaýyp ysly anbary gelin-gyzlarymyza rowa görüpdirler. Şol sebäpli klassyk şahyrlarymyz hem gelin-gyzlarymyzy müşk-anbar bilen baglanyşydyryp wasp edipdirler".

Halypa alymymyz Aşyrpur Meredow häzirki duhy-atyr manysyny aňladýän müşki–anbaryň on birinji-on ikinji asyrdan başlap, Gündogardan Ýewropa eltilendigini, şonuň üçinem şol döwürlerde Ýewropada “Gündogar müşki-anbary“ diýen düşünjäniň emele gelendigini ýazýar.

Aşyrpur Meredowyň bellemeginä görä, häzir Ýewropanyň, esasanam, Fransiýanyň harydy hökmünde tanalýan müşki-anbaryň Gündogarda 2-2,5 müň ýyl ozal ulanylandygyny tassyklaýan maglumatlar bar. Şonuň üçin müşki-anbaryň nämeden ýasalýandygyny bilmek gyzykly bolsa gerek.

Müşk-anbar sözi häzir bitewülikde ulanylsa-da, bu sözleriň her haýsy aýry-aýry düşünjeleri aňladýar.

Müşk keýgiň belli tohumynyň göbeginde emele gelýän gara reňkli, örän ýakymly hem hoştap ysly maddadyr. Müşki emele getirýän keýikler Hytaýyň hem Tatarystanyň daglyk sebitlerinde ýaşaýarlar. Meşhur türkmen-türk şahyrymyz Burhaneddin Siwasly: “Keýikler göbeginde müşki-tatar olmamyş” diýip ýazyp, müşküň Tatarystanda ýaşaýan keýikleriň göbeginden alynýandygyny ýatlap geçipdir.

Şol keýikleriň derini bölüp çykarýan göbeginiň daş-töweregine müşk ýygnanýar. Wagtyň geçmegi bilen keýgiň göbeginiň aşagynda emele gelen müşk tokga tutup, keýge azar berýär. Şol sebäpli keýik tokga tutan müşki daşa oýkap aýyrýar. Daşa ýelmeşip galan müşki soňra adamlar ýygnapdyrlar.

Müşk çöpleýän adamlar gije gözlege çykypdyrlar. Sebäbi müşki emele getirýän keýikler gündiz dynç alyp, gije otlaýar ekenler. Şonuň üçin müşki çöpleýjiler gündiz gözlege çykyp, dynç alýan keýikleri bimaza etmegi aňrybaş edepsizlik hem utançsyzlyk hasaplapdyrlar. Üstesine-de, garnyny ýere berip ýatýan keýikleriň müşki ysy gündizlikde kän bir howa ýaýramandyr. Şol sebäpli gündiz müşk gözlemek amatly bolmandyr.

Anbar Hindi ummanynyň Günorta Aziýadaky kenarynda ýaşaýan kaşolotyň, dişli kitler görnüşine girýän süýtemdiriji uly haýwanyň içinden bölüp çykarýan ýakymly ysly maddasydyr.

Meredowyň ýazmagyna görä, anbary bölüp çykarýan kitler gyşdan beýleki pasyllarda kähalat gijesine suwdan çykyp güneşleýän ekenler. Şol wagtam kitler agyz boşlugyndan hoştap ysly anbary daşyna bölüp gykarýan ekenler. Kenaryň gyrasyndaky mawy-garamtyl daşa ýelmeşen anbaryň ýakymly ysyndan yzarlap, adamlar aňsatlyk bilen ony tapýan ekenler.

Kitler gije näçe köp güneşlese, şonçada kän anbary agyz boşlugyndan daşyna çykarypdyrlar. Şol sebäpli anbar çöpleýjiler kitleriň agyz boşlugyndan anbar bölüp çykarmagyna päsgel bermejek bolup, olar anbary gündiz çöpläpdirler.

Şeýlelikde, müşk gijäniň, anbar bolsa gündiziň önümi hasaplanypdyr. Orta asyr gündogar şahyrymyz Dakaýyky Merwezi: “Gijäniň müşki, gündiziň anbary mysaly” diýip ýazyp, müşküň ýakymly ysyny gijä, anbaryň hoştaplygyny bolsa gündize meňzedipdir. Şahyryň bu jüpüne düşen meňzetmesi gije-gündizi haýyr-şere bölüp ýören şahyrlaryň şol zeýilli goşgularynyň ýitip gitmegine sebäp bolupdyr.

Türkmenler ýakymly müşki, ajaýyp ysly anbary gelin-gyzlarymyza rowa görüpdirler. Şol sebäpli klassyk şahyrlarymyz hem gelin-gyzlarymyzy müşk-anbar bilen baglanyşydyryp wasp edipdirler. Kemine: “Äleme anbar saçar, degende şana zülpüň” diýýän bolsa, “Saýatly-Hemra” dessanynda Hemra: “Saçyňa sepdigim müşk ile anbar” diýýär.

Seljuk şalygynyň meşhur şahyry Enweri:

Istemen müşki-anbary,
Gelin hoştaplygy besdir.


- diýen setirler bilen başlanýan söýgi kasydasynda gelin-gyzlarymyzyň tebigy gözelligini, olaryň hoştap ysyny müşki-anbaryň ýakymly ysyndanam has ýokarda goýupdyr.

Gündogarda müşki-anbar iki müň ýyldan gowrak wagt bäri adamlara bellidir. Elbetde, bu günki gün müşki-anbar sözüniň ýerine duhy-atyr diýen sözler ulanylýar. Ýöne muňa garamazdan, köplere düşnükli bolan müşki-anbaryň hoştap ysynyň äleme bark urup durmagyny arzuwlap, makalama nokat goýýaryn.

Döwletmyrat Ýazgulyýew aşgabatly garaşsyz žurnalist, edebiýatçy. Bu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG