Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň eksperti: 'Türkmenistan boýunça çynlakaý aladalar bar'


BMG-niň Adam hukuklary komitetiniň agzasy, şwesiýaly ekspert Krister Telin

BMG-niň Adam hukuklary komitetiniň agzasy, şwesiýaly ekspert Krister Telin

BMG-niň Adam hukuklary komitetiniň Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän nobatdaky 104-nji sessiýasynda Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça diňlenişik 15-nji martda günüň ikinji ýarymynda başlandy we anna güni hem dowam edýär. Türkmenistan 1997-nji ýyldan bäri gijikdirip, ilkinji gezek Graždan we Syýasy Hukuklar boýunça Halkara Şertnamasynyň esasynda Adam hukuklary komitetinde hasabat berýär.

Azatlyk Radiosy diňlenişige gatnaşýan Adam hukuklary komitetiniň agzasy, şwesiýaly ekspert Krister Telin bilen bu diňlenişigiň gurnalyşy barada maslahatyň öň ýanynda söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan on dört ýyldan soň ilkinji gezek BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetinde hasabat berýär. Meniň ilkinji soragym bu çäräniň tehniki tarapy bilen baglanyşykly, bu diňlenişik kimiň inisiatiwasy bilen geçirilýär?

Krister Telin: Adam hukuklary komiteti tertip boýunça döwletleriň hasabatyny diňleýär. Türkmenistan Graždan we Syýasy Hukuklar boýunça Halkara Şertnamasyna gol goýan 170 töweregi döwletiň hatarynda durýar. Bu Şertnamanyň 40-njy maddasyna laýyklykda, onuň her bir agza döwleti ýurdundaky adam hukuklarynyň ýagdaýy barada hasabat bermäge borçly edilýär.

Türkmenistan ilkinji hasabatyny gijikdiren döwletleriň hatarynda durýar. Olar Şertnama boýunça 1998-nji ýylda hasabat bermelidiler. Biziň düzgünlerimize laýyklykda, olar bir ýyldan soň hasabat bermelidiler. Şunlukda, bu döwletler hasabatlaryny 14 ýyl töweregi wagtdan soň gijikdirip, häzir berýärler. Türkmenistan bu ýagdaýdaky ýeke täk döwlet däl. Gijä galýan köp ýurt bar. Şol sebäpden hem, biz olar bilen duşuşmaga höwes bildirýäris. Türkmenistanyň wekilleri bilen biz üç maslahat geçireris. Şu günüň ikinji ýarymynda we ertir uzynly gün. Olaryň hasabaty boýunça döwlet tarapy bilen dialog geçireris.

Azatlyk Radiosy: Bu diňlenişigi, bu dialogy nä derejede möhüm hasaplaýarsyňyz?

Krister Telin: Bu gaty möhüm, sebäbi Türkmenistan Adam hukuklary komitetinde ilkinji gezek hasabat berýär. Şeýle hem olar hasabat tabşyrmak baradaky borçlaryny ilkinji gezek ýerine ýetirýärler. Elbetde, biziň dialogymyz diňe hasabatyň esasynda bolmaz, bize hökümetden aýry guramalardan hem ýurtdaky ýagdaýlar barada hasabatlar gelip gowuşdy. Şol hasabatlar hem döwlet tarapynyň wekilleri bilen düýpli dialog geçirmäge bize mümkinçilik berýär.

Azatlyk Radiosy: Şeýle dialog bilen näme gazanmaga synanyşýarsyňyz?

Krister Telin: Bizde Adam hukuklary boýunça geňeş bar. Bu BMG-niň 47 agzadan ybarat edarasy bolup durýar. Häzir Adam hukuklary boýunça geňeş däl-de, has ir döredilen Adam hukuklary boýunça komitet barada gürrüň gidýär. Bu komitetiň 18 adamdan ybarat agzasy bar. Olar tutanýerlilik häsiýeti, garaşsyz bolmak ukyby we adam hukuklary boýunça bilimleri esasynda agza döwletler tarapyndan saýlanýar. Men şol 18 agzaň biri.

Biz iki iş edýäris. Biz döwlet tarapynyň hasabatyna syn edýäris. Häzir Türkmenistan bilen şeýle prosedura dowam edýär. Ikinjiden, biz ýurtdan gowuşýan aýratyn şikaýatlara seredýäris. Olar protokoldan aýry gepleşikler hasaplanýar. Türkmenistan boýunça hem protokoldan aýry gepleşikler bar. Häzir komitetde hasaba alnan dokuz sany gepleşik bar. Şol gepleşikler ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilýär, ýöne Türkmenistanyň döwlet tarapynyň hasabaty boýunça geçirýän häzirki synymyz açyk ýagdaýda geçirilýär. Bu diňlenişik web kamera arkaly internetde efire berilýär. Maslahata gyzyklanma bildirýän islendik türkmenistanly oňa internet arkaly tomaşa edip biler.

Azatlyk Radiosy: Bu diňlenişikden nämä garaşýarsyňyz?

Krister Telin: Näme boljagy barada öňünden bir zat aýdyp biljek däl. Elbetde, bu hasabat gijikdirilen hem bolsa, ony höwes bilen diňleýäris. [Türkmenistan boýunça] käbir aladalar bar, olaryň käbiri çynlakaý alada. Olara döwlet wekilleriniň berjek jogaplary dialogyň netijesi bolar. Soňra biz ýapyk maslahatda jemleýji sessiýamyzy geçireris. Şol maslahat Türkmenistan boýunça jemleýji syn diýlip atlandyrylýar. Ol bir hepdeden soň geçiriler. Onuň netijeleri websaýtda ýerleşdiriler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG